Ilham Aliýew Aşgabatdaky foruma çakylygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

  • 02.09.2025 13:42
  • 7.2k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirdi. Hat metbugatda çap edildi.

Ilham Aliýew Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyna dünýä bileleşigi tarapyndan berlen ýokary bahanyň güwäsidigini belleýär.

"Azerbaýjan doganlyk ýurt hökmünde hemişe Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hormat goýýar. Şoňa görä-de, Azerbaýjan Respublikasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegi tötänden däldir. Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forumyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga, umuman, BMG-niň maksatlaryny durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. Forumyň işine üstünlik arzuw edýärin" diýlip, hatda nygtalýar.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......