9.1k+

Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy

Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir...

3.4k+

Blackpink YouTube-da 100 mln abunaçy jemlän ilkinji aýdym-saz topary boldy

Blackpink k-pop topary aýdymçylaryň arasynda YouTube-da 100 million abunaçy ýazylan ilkinji aýdym-saz topary boldy we gyzyl göwher düwmä (Red Diamond Creator Award) mynasyp görüldi. Wideohostingiň bütin taryhynda bu baýraga eýe bolan T-Series, MrBeast, Cocomelon, SET India we WWE ýaly kanallaryň sany 20-den hem azdyr...

6.9k+

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär...

5.8k+

Ikinji jahan urşunyň haý-haýly 72 sagady hakda giň gerimli harby dramanyň treýleri çykdy

Focus Features kinokompaniýasy «Basgy» («Давление») atly harby dramanyň treýlerini hödürledi. Ilkinji görkezilişi 29-njy maýa meýilleşdirilen film dünýä prokatyna hem şol aýda çykar. Taryhy filmiň sýužeti Ikinji jahan urşy döwründe antifaşistik goşunlaryň Normandiýa düşürilmeginden 72 sagat öňki wakalary öz içine alýar...

1.7k+

Bar ýagysy – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy

Disney we Pixar kompaniýalary «Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» (История игрушек-5) animasion filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 19-njy iýuna meýilleşdirildi. Bu gezek gahrymanlar çagalaryň ünsüni özüne baglan iň döwrebap duşman — gajetler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar...

1.7k+

Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär

Netflix kompaniýasy «Otly petegi» («Ticket to Ride») stolüsti oýnuny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn aldy.  Ylalaşyga görä, kompaniýa, islese, oýnuň esasynda çeper ýa-da dokumental filmleri, seriallary hem-de beýleki media önümleri çykaryp biler...

3.9k+

Daşoguzda «Galkynyş» toparynyň we Döwlet sirkleriniň dabaraly çykyşlary geçirildi

Daşoguzda şäheriň merkezi şaýoly boýunça «Galkynyş» toparynyň atly ýörişi geçdi. Çäräniň çäklerinde milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» medeniýet merkeziniň meýdançasynda görkezme çykyşlaryny gurnady...

1.9k+

Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi

Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy...

3.9k+

Täze «Mumiýa» filminiň gorkunç treýleri peýda boldy

Warner Bros. kompaniýasy «Mumiýa» («Мумия») filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň dünýä premýerasy 15-nji aprele meýilleşdirilýär. Filmiň wakalary çölüň ortasynda dereksiz ýiten žurnalistiň gyzy barada gürrüň berýär...

2.5k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

5.2k+

YouTube-daky ilkinji wideo muzeý eksponatyna öwrüldi

YouTube-daky ilkinji wideo we platformanyň 2006-njy ýyldaky interfeýsi Londonyň Wiktoriýa we Albert muzeýiniň resmi eksponatyna öwrüldi. Artnet neşiriniň habar bermegine görä, bu sanly artefakt internetiň taryhyndaky iň ähmiýetli pursatlaryň biri hökmünde dizaýn kolleksiýasyna goşuldy...

921

Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy

Google kompaniýasy Gemini goşundysyna emeli aňa esaslanýan saz döretmek funksiýasyny goşdy. Ulanyjy diňe döretmek isleýän aýdymyny söz bilen beýan etmeli, şondan soň hyzmat ýazgysy, sözleri we suraty (obložkasy) bolan 30 sekuntlyk sazy taýýarlap berýär...

431

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...

3.9k+

«Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna IMDb platformasynda rekord 10/10 baha berdiler

«Tagtlar oýny» äleminde bolup geçýän we Dunk bilen Egginiň başdangeçirmelerine bagyşlanan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy IMDb platformasynda rekord netije görkezdi. Taslamanyň «Enäniň hatyrasyna» («Во имя матери» ) diýlip atlandyrylýan bäşinji bölümi çykan badyna 5 müňden gowrak ulanyjynyň ses bermeginde 10/10 baha almagy başardy...

2.1k+

BTS-däki V Spotify platformasynda 2,5 milliard gezek diňlenip, rekord goýdy

Ady belli BTS k-pop toparynyň agzasy V (Kim Tehen) «Layover» atly ilkinji solo albomy bilen täze rekord goýdy. Big Hit Music-iň habar bermegine görä, bu albom Spotify-da jemi 2,5 milliard gezek diňlenildi.  Üstesine-de, albomdaky aýdymlaryň her biriniň diňlenme sany platformada 100 milliondan geçdi...

13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

9k+

Germaniýanyň öňki baş lukmany Nigerde patyşa saýlandy

Issifi Jibeý 20 ýyldan gowrak wagtlap Germaniýanyň Rendsburg şäherindäki hassahanada baş lukman bolup işledi, şondan soň pensiýa çykyp, aýaly bilen Şlezwig-Golşteýn topragynda ýaşady. BİLD neşiriniň ýazmagyna görä, ol öz watany Nigere dolanmagy hatda meýilleşdirmändi, üstesine-de, patyşa derejesinde dolanmak barada pikir hem etmändi...

7.1k+

Jeki Çan täze ekşn-trillerde ussat yzarlaýjynyň keşbini janlandyrdy

Jeki Çanyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki jenaýat ekşn-trilleri bolan «Kölegäniň yzy bilen» (Охота за тенью) filminiň treýleri hödürlendi. Film 12-nji martda prokata çykar. Waka Makaoda bolup geçýär. Birnäçe talaňçylykdan soň, ýerli polisiýa yzarlamak boýunça hünärmenden kömek soraýar...

6.7k+

Tutanhamonyň duşmanlaryny dep eden «sandallary» görkezildi

Arheologlar Tutanhamonyň aramgähinden tapylan we iç ýüzünde faraonyň el-aýagy daňylgy duşmanlary şekillendirilen gyzykly bir jübüt sandaly görkezdiler. Takmynan, 3 300 ýyllyk taryhy bolan bu aýakgap 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Goward Karter tarapyndan tapylypdy...

6.9k+

Pitbull-yň Londondaky konsertinde «kel» muşdaklar dünýä rekordyny goýmaga synanyşar

Meşhur amerikan repçisi Pitbull Londonyň «BST Hyde Park» festiwalynda konsert berer. Onuň dowamynda guramaçylar kel oturtmany kellä geýen adamlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemäge synanyşarlar.  Bu gülkünç fleşmoby gurnamak pikiri Radio 1 radioýaýlymynyň alyp baryjysy Greg Jeýmsiň kellesine gelipdir, aýdymçynyň özi hem muňa höwes bilen razy bolupdyr...

1.9k+

Heniz ulanylmadyk müňlerçe täze Android enjamlaryndan Keenadu atly wirus tapyldy

"Kasperskiý barlaghanasynyň" hünärmenleri dünýä boýunça 13 müňden gowrak täze Android enjamynda Keenadu atly zyýanly programma üpjünçiligini ýüze çykardylar. Iň köp zäherlenen enjamlar Russiýada (9 müňe golaý) hasaba alyndy, şeýle hem Ýaponiýada, Braziliýada we Ýewropa ýurtlarynda wirusyň ýaýran halatlary bar...

3.5k+

Altaýda 2500 ýyl ozal çylşyrymly hirurgiýa operasiýalary geçirilipdir

Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň alymlary Altaý Respublikasynyň Ukok belentliginde tapylan gadymy pazyryk medeniýetine degişli zenanyň kellesini häzirki zaman kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Barlaglar netijesinde, mundan 2,5 müň ýyl ozal bu zenana örän çylşyrymly äň operasiýasynyň edilendigi anyklandy...

3.5k+

Mör-möjekleriň haýran galdyryjy dünýäsi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynda

​Patyşalyk entomologiýa jemgyýeti mör-möjekleriň dünýäsine bagyşlanan makro-suratlaryň tapgyryny çap edip, özüniň her ýylky fotosuratlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Saýlanyp alnan işler, adatça ýönekeý göz bilen görünmeýän jikme-jiklikleri görkezýär we tebigatyň öwrenişilen dünýäsine täzeçe garamaga mümkinçilik berýär...