Blackpink YouTube-da 100 mln abunaçy jemlän ilkinji aýdym-saz topary boldy

  • 21.02.2026 14:59
  • 3.4k+

Blackpink k-pop topary aýdymçylaryň arasynda YouTube-da 100 million abunaçy ýazylan ilkinji aýdym-saz topary boldy we gyzyl göwher düwmä (Red Diamond Creator Award) mynasyp görüldi. Wideohostingiň bütin taryhynda bu baýraga eýe bolan T-Series, MrBeast, Cocomelon, SET India we WWE ýaly kanallaryň sany 20-den hem azdyr.

2019-njy ýylda bu baýragyň ilkinji eýesi Hindistanyň T-Series kinokompaniýasy bolupdy, soňra bolsa baýrak bloger PewDiePie-a gowşuryldy. Bulardan başga-da, sanawa Like Nastya, Vlad and Niki hem-de Kids Diana Show ýaly kanallar hem girýär.
Blackpink fewralyň ahyrynda «Deadline» atly mini-albomy çykarmaga hem  taýýarlanýar. Alboma Apple Music-iň wersiýasy boýunça 2025-nji ýylyň «iň gowy k-pop kompozisiýasy» diýlip ykrar edilen «Jump» tans-pop singli hem goşuldy.
Mundan ötri toparyň agzalary özlerini kino äleminde hem tanadýarlar. Geljekde Jisu Netflix-iň dramasynda webtunlaryň prodýuseriniň roluny ýerine ýetirer. Lisa bolsa prodýuser Dewid Bernadyň romantik komediýasynda surata düşer. 


08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......