Jeki Çan täze ekşn-trillerde ussat yzarlaýjynyň keşbini janlandyrdy

  • 19.02.2026 18:01
  • 7.1k+

Jeki Çanyň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki jenaýat ekşn-trilleri bolan «Kölegäniň yzy bilen» (Охота за тенью) filminiň treýleri hödürlendi. Film 12-nji martda prokata çykar.
Waka Makaoda bolup geçýär. Birnäçe talaňçylykdan soň, ýerli polisiýa yzarlamak boýunça hünärmenden kömek soraýar. Gahryman «Kölege» lakamly syrly biri tarapyndan dolandyrylýan jenaýatçy topary yzarlap tapmak üçin täze detektiwlerden topar döredýär. Wakalaryň ýaýbaňlanmagy bilen jenaýatçylaryň yzyny yzarlamak howply garşylyga öwrülýär. Bu ýerde islendik ýalňyşlyk pajygaly netijelere getirip bilýär.


Täze filmde Jeki Çan özi üçin adaty däl keşpde — söweşiji däl-de, eýsem, ilkinji nobatda akyl-paýhasa bil baglaýan strateg we gözegçilik boýunça hünärmen hökmünde peýda bolýar. Aktýoryň aýtmagyna görä, ssenaride ony işiň nusgawy usullary bilen häzirkizaman tehnologiýalaryň arasyndaky gapma-garşylyk aýratyn gyzyklandyrdy.
Şeýle-de, filme Çžan Szyfen, Toni Lýun Kafaý we SyŞa gatnaşdy. Filmiň režissýory Larri Ýan («Kung-fu bedewi») boldy.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....