Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

  • 20.02.2026 10:14
  • 357

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer.

Apple Music indi söýgüli artistleriňiziň janly konsertlerini yzarlaýar. Programma ulanyjynyň ýerleşýän ýerine görä, golaýdaky şäherlerde geçiriljek konsertleriň sanawyny görkezer.
The Verge neşiriniň bellemegine görä, bu funksiýa ozal Spotify-da bar bolan meňzeş hyzmatyň kämilleşdirilen nusgasydyr.
Şeýle hem emeli aň indi siziň islegiňize görä pleýlistleri döreder. Ulanyjy diňe ruhy ýagdaýyny ýa-da islegini (meselem, "ýagyşly howada okamaly kitap üçin saz") ýazmaly, galanyny bolsa emeli aňyň özi alyp çykar. Spotify-dan tapawutlylykda, Apple Music-iň bu funksiýasy arkaly döredilen pleýlistler häzirlikçe iň köp 25 aýdymdan ybarat bolar.
Programmanyň wizual we funksional tarapy hem üýtgeýär: Indi podkastlary diňlemek bilen bir hatarda, olary göni programmada görüp hem bolar.
Albomlaryň we pleýlistleriň obložkalary has uly, durulygy ýokary we täsirli görnüşe geçiriler.
Häzirki wagtda iOS 26.4-iň ilkinji beta-wersiýasy işläp düzüjiler üçin elýeterli edildi. Ulanyjylaryň ählisi üçin resmi goýberiliş şu ýylyň ýazynda meýilleşdirilýär.


09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...