Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

  • 20.02.2026 11:20
  • 2.1k+

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Täze akylly äýnekleriň önümçiligine şu ýylyň dekabrynda başlamak, resmi taýdan bolsa 2027-nji ýylda satuwa çykarmak bellenildi. Enjamda displeý bolmaz, ähli elektronika we akkumulýator äýnegiň çarçuwasyna ýerleşdiriler. Äýnekde iki sany obýektiw bolar. Birinjisi ýokary hilli foto-wideo düşürmek üçin, ikinjisi bolsa "kompýuter görşi" üçin hyzmat eder. Ulgam töweregi seljerip, naharlaryň düzümini anyklamaga, obýektleri tanamaga we nawigasiýada ýol görkezmäge kömek eder. Şeýle-de, äýnek arkaly jaň etmek we saz diňlemek mümkin bolar.
Apple diňe äýnek bilen çäklenmän, eýsem has kiçi göwrümli enjamlaryň hem üstünde işleýär. Ölçegi AirTag ýaly bolan akylly tumar zynjyrda ýa-da broşka hökmünde dakynyp bolar. Onuň hemişe işjeň kamerasy we öz prosessory bolar, emma esasy hasaplamalary iPhone arkaly ýerine ýetirer. Bu gadžetiň 2025-nji ýylda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.
Kameraly AirPods: Nauşnikleriň täze wersiýalaryna pes durulykdaky kameralar gurlar. Bu kameralar ulanyjynyň daş-töweregini analiz edip, Siri-ä has takyk maglumat bermäge kömek eder.
Habarda bellenilmegine görä, bu täze önümlerdäki Siri sanly kömekçisi Google Gemini-niň binýadynda işläp biler. Bu bolsa Apple-yň öz emeli aňyny beýleki uly tehnologiýa modelleri bilen utgaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......