Germaniýanyň öňki baş lukmany Nigerde patyşa saýlandy

  • 19.02.2026 18:10
  • 9k+

Issifi Jibeý 20 ýyldan gowrak wagtlap Germaniýanyň Rendsburg şäherindäki hassahanada baş lukman bolup işledi, şondan soň pensiýa çykyp, aýaly bilen Şlezwig-Golşteýn topragynda ýaşady. BİLD neşiriniň ýazmagyna görä, ol öz watany Nigere dolanmagy hatda meýilleşdirmändi, üstesine-de, patyşa derejesinde dolanmak barada pikir hem etmändi.
1970-nji ýylda Jibeý stipendiýa alyp, Germaniýa gelýär we lukmançylyk bilimini alýar. Şol bir wagtyň özünde, ol aristokrat neslinden gelip çykandygy sebäpli, 2023-nji ýylda aradan çykan patyşanyň mirasdüşeri hökmünde görülýärdi. Onuň aýtmagyna görä, saýlawlara gatnaşmakdan ýa-da tituldan ýüz öwürmeklik öz maşgalasy tarapyndan kabul edilmezdi. Nigerde däp bolan monarhiýa saklanyp galýar, emma döwlet häkimiýeti paýtagt Niameýdäki merkezi hökümetiň elinde jemlenýär.
Jibeýiň doglan mekany bolan Kokoru sebitinde 150 müňe çenli adam ýaşaýar. Patyşany oba serdarlarynyň ýygnanyşygy saýlaýar. Saýlawlara ondan gowrak dalaşgär gatnaşdy. Netijede, NDR gullugynyň habar bermegine görä, Jibeý 51 sesden 25-sini aldy we ömürlik Kokorunyň emiri hökmünde saýlandy.
Bu ýerde emirler ýerli ilat bilen merkezi häkimiýetleriň arasynda halka bolup çykyş edýär. Monarhyň salgyt ýygnamaga we kazyýet kararlaryny çykarmaga hukugy bar. Bu wezipelerden başga-da, Jibeý sebitiň infrastrukturasyna maýa goýmagy maksat edinýär.
Şol bir wagtyň özünde, ol Germaniýadaky durmuşyndan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirmeýär: ol Nigerde bolmadyk wagtynda onuň wezipelerini dogany ýerine ýetirmeli bolar.


şu gün 10:30
76

UCL barlagy: sungat bilen yzygiderli meşgullanmak garrylygy haýalladýar

London uniwersitet kollejiniň alymlarynyň geçiren barlagynda sungat bilen yzygiderli meşgullanmagyň we medeni çärelere gatnaşmagyň biologik garrama hadysasyny haýalladýandygy ýüze çykaryldy....

şu gün 00:03
3.9k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
2.4k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
1.1k+

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....