"Titanik" 110 ýyldan soň: Rowaýata öwrülen gämi dargaýar, emma hazynalaryny açýar

  • 19.02.2026 12:51
  • 8.5k+

2024-nji ýylyň tomsunda RMS Titanic Inc. tarapyndan amala aşyrylan täze ekspedisiýa, gäminiň galyndylaryny we bir wagtlar ony bezän täsin artefaktlary iň ýokary durulykda surata düşürmegi başardy. Birnäçe aý dowam eden bu barlaglar, gäminiň häzirki ýagdaýy barada möhüm maglumatlary orta çykardy.

Surata düşüriş işleri üçin iki sany uzakdan dolandyrylýan suwasty apparat (ROV) ulanyldy. Olar iki milliondan gowrak ýokary hilli surat we 24 sagatlyk wideogözegçilik ýazgysyny topladylar.
Bu gezekki barlaglaryň iň uly açyşy — Rim hudaýy Diananyň bürünç heýkeli boldy ("Wersally Diana"). Birinji derejeli ýolagçylaryň zalynda duran bu heýkel 1986-njy ýyldaky barlaglardan soň ýitirilipdi we indi täzeden tapyldy.
Toplanan maglumatlar gäminiň we onuň içki bezeginiň 3D (sanly) nusgasyny döretmek üçin ulanylar. Bilermenler gäminiň gurluşynyň örän çalt dargaýandygyny uly alada bilen bellediler. Gäminiň iň tanalýan bölegi bolan öň tarapynyň (burun) tutawaçlary (falsbort) we käbir beýleki polat elementleri eýýäm dargap, deňziň düýbüne gaçypdyr.
"Titanigiň" galyndylaryny iýýän ýörite bakteriýalar we duzly suwuň täsiri gäminiň ýakyn onýyllyklarda doly ýok bolup gitmek howpuna salýar.
1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde aýsberg bilen çaknyşyp gark bolan "Titanik" şol döwrüň inženerçilik täjidir. Ýöne halas ediş gaýyklarynyň ýetmezçiligi we taýýarlyksyzlyk sebäpli 1500-e golaý adam heläk boldy. Häzirki wagtda gämi 3800 metr çuňlukda, Atlantik ummanynyň düýbünde ýatyr.

şu gün 15:47
5.9k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

şu gün 07:53
2.6k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
3.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
5.7k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......