Pitbull-yň Londondaky konsertinde «kel» muşdaklar dünýä rekordyny goýmaga synanyşar

  • 19.02.2026 14:04
  • 6.9k+

Meşhur amerikan repçisi Pitbull Londonyň «BST Hyde Park» festiwalynda konsert berer. Onuň dowamynda guramaçylar kel oturtmany kellä geýen adamlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemäge synanyşarlar. 
Bu gülkünç fleşmoby gurnamak pikiri Radio 1 radioýaýlymynyň alyp baryjysy Greg Jeýmsiň kellesine gelipdir, aýdymçynyň özi hem muňa höwes bilen razy bolupdyr. 
Bu köpçülikleýin çäre geçen ýyl Pitbull-yň konsertlerinde kän gaýtalanan üýtgeşik bir ýagdaýyň netijesinde peýda boldy. Özlerini «The Bald E’s» diýip atlandyrýan muşdaklar aýdymçynyň meşhur keşbine öýkünip, konsertlere kel oturtmaly,  «awiator» äýnekli,  deri kurtkaly gelmegi adat edindiler. Bu ýagdaý Londonyň «The O2» arenasyndaky konsertlerde has-da ýörgünli boldy.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin gatnaşyjylar birnäçe kadany örän berk berjaý etmeli bolar: kel oturtmany kellä berk berkitmeli, saçyňy gowy ýygşyrmaly (diňe ýeňsaňdäki saçyň çykyp durmagyna rugsat berilýär) we bu keşpde azyndan bir minut durmaly.
Bu rekord goýulyşyga Guinness World Records guramasynyň resmi wekili gözegçilik hem eminlik eder. 
Şol agşam «BST Hyde Park» sahnasynda Pitbull bilen bilelikde meşhur aýdymçy Kesha hem çykyş eder. Şeýle-de festiwalyň maksatnamasynda Garth Brooks, Maroon 5 we Mumford & Sons ýaly dünýä belli ýyldyzlaryň hem atlary bar.


şu gün 00:07
1.2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......