Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi

  • 20.02.2026 14:01
  • 1.9k+

Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy. Çykarylan görkezmä görä, OpenAI öz önümlerinde we algoritmlerinde «Cameo» sözüni ulanmagy bes etmeli bolar.

OpenAI bu sözi özüniň Sora 2 emeli aň modeline esaslanýan wideo ýasaýjy goşundysynda ulanypdy. Ulanyjylar Cameo funksiýasy arkaly özleriniň sanly şekillerini EA tarapyndan döredilýän wideolaryň içine ýerleşdirip bilýärdiler. Kazyýet kararynda bu funksiýanyň adynyň öňden bar bolan platformanyň adyna örän meňzeşdigi we munuň ulanyjylaryň arasynda bulaşyklyk döredip biljekdigi bellenilýär. Şeýlelikde, kazyýet OpenAI-iň «Cameo sözi diňe funksiýanyň düşündirişi hökmünde ulanyldy» diýen delilini ret etdi we bu sözüň «beýan etmekden däl-de, gönüden-göni brendi ýatlatmakdan ybaratdygy» baradaky netijä geldi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda kazyýet Cameo platformasynyň şikaýatyny kanagatlandyryp, OpenAI önümlerinde bu sözüň ulanylmagyna wagtlaýyn gadaganlyk girizipdi. Şondan soň kompaniýa degişli funksiýanyň adyny «Characters» diýip üýtgetmäge mejbur boldy. Cameo-nyň baş direktory Stiwen Galanis bu kararyň diňe bir öz kompaniýalary üçin däl, eýsem Cameo brendine bil baglaýan müňlerçe adamlar üçin hem möhüm ýeňişdigini aýtdy. OpenAI-iň wekili bolsa hiç kimiň «Cameo» sözi üçin aýratyn eýeçilik hukugyny talap edip bilmejekdigini öňe sürüp, öz garaýyşlaryny goramagy dowam etdirjekdiklerini duýdurdy.

 


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......