Bad Bunny "Porto-Riko" taryhy dramasynda baş keşbi janlandyrar

  • 20.02.2026 15:09
  • 1.3k+

Bad Bunny lakamy bilen tanalýan dünýä belli puerto-rikoly sazanda Benito Martines Okasio "Porto-Riko" (Porto Rico) atly taryhy dramada baş keşbi janlandyrmaga taýýarlanýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär.

Filmiň režissýory — meşhur reper Residente (Rene Peres Hoglar). Taslama Bad Bunny-niň we Residenteniň doglan ýeri bolan Puerto-Rikonyň baý taryhyna we medeniýetine goýulýan hormat hökmünde döredilýär. Kinokartinanyň sýužeti XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başlarynda Ispaniýanyň kolonial hökümdarlygyna garşy göreşen rewolýusioner Hose Maldonado Romanyň durmuş ýoluna esaslanýar.
Filmiň üstünde işler 2023-nji ýylda başlandy. Taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri — "Berdmen" (Birdman) we "Diri galan" (Выживший) filmleri bilen Oskar baýragyna mynasyp bolan Alehandro Inýarritu.
Aktýorlar düzüminde bolsa dünýä kino sungatynyň ussatlary bar - Wiggo Mortensen, Hawýer Bardem, Edward Norton.

"Men çagalygymdan bäri öz ýurdum barada film surata düşürmegi arzuw edýärdim. Bu film biziň aslymyzy tassyklaýar we taryhymyzy hakyky güýç hem-de dogruçyllyk bilen gürrüň berýär" diýip, Residente öz duýgularyny paýlaşdy.

Edward Norton bolsa bu täze taslamanyň "Çokundyran ata" (The Godfather) we "Nýu-Ýorkuň garakçylary" (Gangs of New York) ýaly klassyk filmleriň däplerini dowam etdirjekdigini belledi.
"Porto-Riko" sazandanyň karýerasyndaky iň uly we çylşyrymly kino taslamasy bolar. Mundan öň Bad Bunny "Gülleden ýyndam" (Bullet Train) we "Jenaýatyň üstünde tutulan" (Caught Stealing) ýaly filmlerde diňe epizodik ýa-da ikinji derejeli keşplerde görnüpdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....