BTS-däki V Spotify platformasynda 2,5 milliard gezek diňlenip, rekord goýdy

  • 19.02.2026 19:03
  • 2.1k+

Ady belli BTS k-pop toparynyň agzasy V (Kim Tehen) «Layover» atly ilkinji solo albomy bilen täze rekord goýdy. Big Hit Music-iň habar bermegine görä, bu albom Spotify-da jemi 2,5 milliard gezek diňlenildi. 
Üstesine-de, albomdaky aýdymlaryň her biriniň diňlenme sany platformada 100 milliondan geçdi.
2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda çykan albom şeýle netijäni takmynan iki ýarym ýylda görkezdi. Aslynda «Layover» çykan ilkinji günlerinden ABŞ-nyň meşhur «Billboard 200» sanawynda ikinji orna çenli ýokary galypdy. Iň geň galdyryjy tarapy bolsa, albomdaky alty aýdymyň hemmesiniň-de «Billboard Global 200» we «Global Excl. US» hit-paradlaryna girmegidir. 
Aýratyn-da, onuň «Love Me Again» aýdymy Amerikanyň Ýazgy Senagaty Assosiasiýasy (RIAA) tarapyndan altyn sertifikat bilen sylaglandy we 2024-nji ýylyň dekabryna çenli 1 milliard diňlenmä ýetip, platformanyň meşhur «Billions Club» sanawyna girdi. Bu meşhur aýdym bilen bile «Slow Dancing» aýdymy Kanada we Täze Zelandiýada altyn sertifikatlara hem mynasyp boldy. 
V hakdaky bu gowy maglumatlaryň üstüne, köp sanly muşdaklary garaşdyran, BTS toparynyň doly düzümde işe başlaýandygy hakyndaky habary hem goşmak gerek. Ýedi agzasynyň hemmesi-de hökmany harby gullugyny tamamlap geleninden soňra, topar 2026-njy ýylyň 20-nji martynda täze albomyny hödürlär. Bu BTS-iň soňky alty ýylda ilkinji albomy bolar. 


08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......