Tramp gaýry planetalylara we Ýerden daşardaky ýaşaýyşa degişli maglumatlary ile aýan etmegi tabşyrdy

  • 20.02.2026 19:33
  • 18k+

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň goranmak ministrine we beýleki degişli edaralara Ýerden daşardaky ýaşaýyş, howadaky nämälim hadysalar we uçýan obýektler bilen baglanyşykly döwletde bar bolan materiallary ýüze çykarmagy hem-de olary gizlinlikden aýyrmagy tabşyrdy. Bu barada ol özüniň Truth Social jemgyýetçilik torunda ýazdy.

Tramp beýle kararyň bu meselelere bolan uly jemgyýetçilik gyzyklanmasy bilen baglydygyny we olaryň çylşyrymlylygy hem wajyplygy bilen düşündirýär. Şeýle-de bolsa pezident resminamalaryň çap edilip bilinjek anyk möhleti aýan etmedi.
Ýaňy-ýakynda ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama amerikan häkimiýetleriniň harby bazalarda, şol sanda daşynda köp sanly konspirologik teoriýalar bolan «51-nji zolak» bazasynda gaýry planetalardan gelmişekleriň saklanmaýandygyny mälim edipdi. Ol bloger Braýan Taýler bilen bolan söhbetdeşliginde bu bazanyň aşagyndaky ýerasty desgalar baradaky çaklamalaryň diňe maglumatlary hatda prezidentiň özünden hem gizleýän örän uly dildüwşük bar bolan ýagdaýynda mümkin bolup biljekdigini belledi.
Obama biraz wagt soň, bu sözleriniň sosial torlarda giň seslenme dörendigi sebäpli, Älemiň çäksiz gurluşyny nazara alanyňda, Ýeriň daşynda hem ýaşaýşyň bolup biljekdigi hakyndaky pikiri orta atdy. Şol bir wagtda-da, Ak tamda işlän döwründe gelmişekler bilen hiç haçan ýüzbe-ýüz bolmandygyny hem nygtady.


düýn 08:03
12k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....