Hakyky oktagonda surata düşürilen MMA söweşijisi baradaky filmiň treýleri çykdy

  • 20.02.2026 11:52
  • 4.4k+

One Media-nyň YouTube kanalynda garyşyk söweş sungaty (MMA) baradaky «Ýyrtyjy» («Зверь») atly sport dramasynyň treýleri peýda boldy. Filmde baş rollary Deniel Makferson, Lýuk Hemswort we Rassell Krou ýerine ýetirdiler.

Kino 10-njy aprelde ekrana çykar. 
Filmde mundan köp ýyl ozal sportdan giden we asuda durmuşda ýaşamaga synanyşan öňki MMA çempiony barada gürrüň berilýär. Onuň kiçi dogany howp astyna düşende ýagdaýlar üýtgeýär. Kynçylyklar gahrymany pofessional söweşleriň dünýäsine dolanmaga mejbur edýär.
Ol jemleýji söweşe taýýarlyk görýän wagty, öňki ýeňişlerine ýaran bolan tälimçisi bilen gaýtadan birleşýär. Netijede öňki çempion häzirki döwrüň iň güýçli söweşijisine garşy göreşmeli bolýar.
Film Aziýanyň iri söweş promouşeni bolan «ONE Championship» bilen hyzmatdaşlykda döredildi. 
Esasy sahnalar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Bangkokda «ONE 170» söweş ýaryşy gidip duran mahalynda, 10 müň adamlyk tomaşaçynyň öňünde ýazgy edildi. Bu aýratynlyk, filmi synlaýan wagtyň hakyky uly söweşlere mahsus dartgynlylygy duýmaga mümkinçilik berýär.
Filmiň ssenarisini Dewid Frijerio we Rassell Krou ýazdylar. Aktýorlaryň düzümine Bren Foster, Emi Şark, Modjan Ariýa we Kelli Geýl dagylar hem girdi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....