«Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna IMDb platformasynda rekord 10/10 baha berdiler

  • 19.02.2026 22:43
  • 3.9k+

«Tagtlar oýny» äleminde bolup geçýän we Dunk bilen Egginiň başdangeçirmelerine bagyşlanan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy IMDb platformasynda rekord netije görkezdi. Taslamanyň «Enäniň hatyrasyna» («Во имя матери» ) diýlip atlandyrylýan bäşinji bölümi çykan badyna 5 müňden gowrak ulanyjynyň ses bermeginde 10/10 baha almagy başardy.
Bu görkeziji «Tagtlar oýny» franşizasynyň tutuş taryhyndaky iň ýokary netije hökmünde hasaba alyndy, sebäbi mundan ozal serialyň özi bilen birlikde, onuň spin-offlarynyň hiç biri-de bu platformada beýle  ýokary baha ýetip bilmändi. Biraz soňra bu bölümiň reýtingi bir dereje aşaklan hem bolsa, barybir onuň şonça ses berijiniň arasynda 10/10 baha ýetip bilmegi ýatdan çykmajak waka bolup galdy.
Şu güne çenli teleýaýlym taslamalarynyň arasynda diňe «Garadangaýtmaz» («Во все тяжкие») serialynyň jemleýji bölümi 300 müňe golaý ses bilen şeýle ýokary derejäni saklap gelýär. «Ýedi patyşalygyň rysarynyň» mundan öňki bölümi hem rekord derejede ýokary baha alyp, franşizanyň beýleki bir serialy bolan «Ajdarhanyň öýüniň» («Дом дракона») ähli bölümlerini reýtingde yzda galdyrypdy. Bu täze taslama çykmazdan ozal «Tagtlar oýny» äleminde iň ýokary baha berlen bölümler «Kastamerdäki ýagyşlar» («Дожди Кастамере»), «Çöpdüýbileriň söweşi» («Битва бастардов») we «Gyş ýelleri» («Ветры зимы»)  hasaplanyp, olaryň hersi 9,9/10 reýting eýeläpdi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....