Aýyjyk Paddington BAFTA dabarasynyň alyp baryjylarynyň biri bolar

  • 20.02.2026 16:44
  • 2k+

Paddington atly aýyjyk BAFTA baýragynyň gowşuryş dabarasynda alyp baryjylaryň biri bolar. Ol «Iň gowy çagalar we maşgala filmi» kategoriýasynda baýragy gowşurar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. 

Bu nominasiýada «Arko», «Bung», «Lilo we Stiç» hem-de «Haýwanlar şäheri-2» filmleri hödürlenýär.
Bu gahrymanyň çärä gatnaşdyrylmagyna Londonyň Sawoý teatrynda goýulýan «Paddington: Mýuzikl» sahna eseriniň üstünliginiň sebäp bolan bolmagy ähtimal. Sahnada aýyjygyň keşbini Arti Şah ýerine ýetirýär, Jeýms Hamid bolsa sahnanyň arkasyndan oňa ses berýär we animasiýa mimikasyny herekete getirýär.


Şeýle-de agşamyň alyp baryjylarynyň arasynda Braýan Krenston, Killian Mýorfi, Itan Houk, Eými Lu Wud, Dewid Jonson, Delroý Lindo, Jillian Anderson, Glenn Klouz, Oliwiýa Kuk, Patrik Dempsi, Maýkl B. Jordon, Keýt Hadson, Maýlz Keýton, Emili Uotson we Stellan Skarsgard dagy bolar.
BAFTA dabarasy 22-nji fewralda Londonyň «Royal Festival Hall» toplumynda geçiriler. Alypbaryjy hökmünde bolsa ilkinji gezek Alan Kamming çykyş eder.


11.06.2026 23:54
1.2k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....