Täze «Mumiýa» filminiň gorkunç treýleri peýda boldy

  • 20.02.2026 12:11
  • 3.9k+

Warner Bros. kompaniýasy «Mumiýa» («Мумия») filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň dünýä premýerasy 15-nji aprele meýilleşdirilýär.

Filmiň wakalary çölüň ortasynda dereksiz ýiten žurnalistiň gyzy barada gürrüň berýär. Aradan sekiz ýyl geçenden soň, gyz tapylýar we öýüne gaýtarylýar. Emma bu habar maşgalasy üçin diňe bir şatlyk däl-de, eýsem garaşylmadyk gorkunç wakalaryň başlangyjyna öwrülýär. Maşgala agzalarynyň adaty durmuşy tiz wagtdan elhenç hadysalar bilen sarsylýar.
Filmiň režissýory we ssenariçisi — «Özge» («Другой») we «Zulmat ölüleriniň direlişi» («Восстание зловещих мертвецов») ýaly gorkunç filmleri bilen tanalýan irlandiýaly Li Kronin boldy.

«Bu siziň şu wagta çenli gören „Mumiýa“ filmleriňiziň hiç birine meňzemez. Men örän gadymy we gaty gorkunç bir zady ýeriň düýbünden ýokary çykarmak üçin has çuňluga aralaşýaryn» diýip, režissýor täze taslamasy barada aýdýar.

Filmde baş keşpleri Jek Reýnor, Laýa Kosta, Meý Kalamawi, Natali Greýs we Weronika Falkon ýaly aktyorlar janlandyrýar. Kinonyň sazlaryny kompozitor Stiwen MakKeon ýazdy.
Stiwen Sommersiň nusgawy «Mumiýa» filmi (1999-njy ýyl) (1932-nji ýyldaky nusgasynyň remeýki) dünýä kassa ýygymynda 416 million dollardan gowrak girdeji gazandy we iki sany dowamy, şeýle hem «Içýanlaryň patyşasy» («Царь скорпионов») spin-off-yny döretdi.
2017-nji ýylda Tom Kruzuň gatnaşmagynda amala aşyrylan täze taslama garaşylan netijäni bermedi, bu bolsa studiýanyň «Garaňky älem» («Темной вселенной») taslamasyndan el çekmegine sebäp boldy.

Ýakynda Universal Pictures studiýasy asyl nusgadaky ýyldyzlar — Brendan Freýzer we Reýçel Waýs bilen bilelikde filmiň resmi dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini hem tassyklady.


düýn 23:54
1.2k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....