Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy

  • 20.02.2026 10:41
  • 926

Google kompaniýasy Gemini goşundysyna emeli aňa esaslanýan saz döretmek funksiýasyny goşdy. Ulanyjy diňe döretmek isleýän aýdymyny söz bilen beýan etmeli, şondan soň hyzmat ýazgysy, sözleri we suraty (obložkasy) bolan 30 sekuntlyk sazy taýýarlap berýär.

Saz döretmek işine DeepMind bölümi tarapyndan işlenip düzülen täze Lyria 3 modeli jogap berýär. Aýdymlar üçin suratlary bolsa Nano Banana modeli döredýär.
Tekstli soraglardan başga-da, ulanyjylar surat ýa-da wideo ýükläp bilerler, şonda ulgam şol şekiliň häsiýetine görä saz saýlap berer. Sazyň stilini, depginini we sesini sazlap bolýar. Şeýle-de, gowy görýän aýdymçyňyzyň sesine meňzeş saz döretmegi haýyş edip bilersiňiz, ýöne göni nusga almak gadagandyr — munuň üçin ýörite gorag süzgüçleri ulanylýar.
Düzüjiler Lyria 3-iň ozalky wersiýalara garanyňda has çylşyrymly we hakyky sazlary döredýändigini belleýärler. Bu funksiýa eýýäm bütin dünýäde 18 ýaşdan uly ulanyjylar üçin elýeterli we 9 dili, şol sanda iňlis, nemes, fransuz, ispan, ýapon we portugal dillerini goldaýar.
Mundan başga-da, Google awtorlara wideo üçin emeli aň sazyny döretmäge mümkinçilik berýän YouTube-daky Dream Track guralyna elýeterliligi giňeltdi. Ozal ol diňe ABŞ-da işleýän bolsa, indi ähli ýerde elýeterli.
Döredilen ähli sazlarda SynthID sanly suw belgisi goýulýar. Onuň kömegi bilen sazyň emeli aň tarapyndan döredilendigini barlap bolýar.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....