Red Bull-yň uçarmany hereket edýän otlynyň üstüne "gözüni ýumup" diýen ýaly uçaryny gondurdy

  • 20.02.2026 11:34
  • 5.7k+

Meşhur ekstremal-uçarman Dario Kosta ýeňil motorly uçary hereket edip barýan otlynyň üstüne gondurmagy we şol ýerden täzeden asmana göterilmegi başardy. "Train Landing" (Otla gonuş) diýlip atlandyrylýan bu taslama Red Bull topary we "Rimac" elektrokarlar öndürijisiniň inženerleri tarapyndan durmuşa geçirildi.

Bu gezekki adatdan daşary synag Türkiýede amala aşyryldy. Ýük konteýnerlerinden ybarat bolan otly sagatda 120 km tizlik bilen hereket etdi. Uçarman üçin iň uly kynçylyk — görüş meýdanynyň örän çäkli bolmagydy: ol gonmaly meýdançasyny diňe 200 metr aralykdan görüp bilýärdi. Tutuş tilsim üçin bolsa bary-ýogy 50 sekunt wagt bardy.
Howpsuz gonuşy üpjün etmek üçin Kosta uçaryň tizligini sagatda 87 km-e çenli peseltdi. Bu tizlik uçaryň dolandyryşyny saklap bolýan iň pes derejesidir. Mundan başga-da, otlynyň döredýän güýçli howa akymy (turbulentlik) uçarmana goşmaça kynçylyklary döretdi.

Red Bull topary bu çärä taýýarlygyň birnäçe aýlap dowam edendigini belleýär. Bu döwürde dürli tizlik hasaplamalary, aerodinamiki modellemeler we uçarmanyň psihologik taýýarlygy alnyp baryldy. Modelleşdirme işleriniň bir bölegini "Rimac" kompaniýasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.
Bu waka Dario Kostanyň ilkinji ekstremal tilsimi däl. Ol 2021-nji ýylda 400 at güýjüne eýe bolan Zivko Edge 540 uçary bilen awtomobil tuneliniň içinden uçup geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.


şu gün 00:57
403

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
356

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.1k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......