6.1k+

“Keseki: Ýer” serialynyň doly derejeli treýleri çykdy

FX studiýasy şouranner Noa Houliden “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля) serialynyň ilkinji doly derejeli treýlerini hödürledi. Onuň premýerasy 12-nji awgustda bolar. Serialda waka “Prometeýden” birnäçe ýyl we franşizanyň ilkinji filminden 30 ýyl öň bolup geçýär...

9.8k+

Dewid Bekhem rysar derejesine eýe bolar

Angliýanyň öňki futbolçysy Dewid Bekhem geljek hepde rysar bolar diýip, The Times we BBC Sport habar berdi. Bekhemiň ady iýun aýynyň ortalarynda çap ediljek resmi sylag sanawynda peýda bolar. Ol Beýik Britaniýanyň Patyşasy Çarlz III-niň, adatça monarhyň hakyky doglan senesine gabat gelmeýän, resmi doglan gününe gabatlanýar...

8k+

Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordyny goýdy

Aktýor Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Howply hokga (trýuk) franşizanyň «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») atly sekizinji filminiň surata düşürilýän wagty ýerine ýetirildi...

5.6k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr...

3.8k+

Apple-iň millionlarça gurluşynda YouTube işlemegini bes etdi

YouTube iOS üçin programmany 20.22.1 wersiýa çenli täzeledi. Indi ony gurnamak üçin iOS 16 ýa-da has täze operasion ulgam gerek diýip, MacRumors habar berýär. Bu täzelenme sebäpli programma 15-nji wersiýadan ýokary iOS-y goldamaýan köne iPhone modellerinde işlemegini bes etdi...

2.4k+

Adobe kompaniýasy Android üçin täze mugt Photoshop hödürledi

Adobe Android üçin täze Photoshop programmasyny resmi taýdan hödürledi. Önüm ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda anons edildi. Häzir programma başlangyç beta-synagyň çäklerinde mugt elýeterli boldy. Kompaniýa Photoshop-yň mobil wersiýasynyň üstünde köp wagtlap işledi...

11k+

Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy bardy

Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy...

2.5k+

Telegram ses habarlaryny kesmek we HD-de surat ibermek funksiýalary bilen täzelenme aldy

Telegram birnäçe täze funksiýalar bilen uly täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar ses habarlaryny redaktirläp, ýagny ýazgy edilenden soň, olary kesip, gerekmejek böleklerini aýryp, ýazgyny pauza goýup bilýär. Bu ähli aýtmaly zady bir dublda ýazmak zerurlygy bolmazdan, uzyn ses habarlaryny döretmegi ýeňilleşdirýär...

2.9k+

Samsung 31-nji iýuldan başlap hereketsiz akkauntlary pozup başlar

Samsung 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyndan azyndan 24 aýlap girilmedik hasap ýazgylaryny (akkauntlary) pozup başlar. Bu barada ulanyjylara kompaniýanyň metbugat gullugy ýatlatdy. Samsung-yň akkaunty Galaxy enjamlaryndaky firma programmalaryna girmek üçin gerek...

3.1k+

Amerikan attraksionlarynda emeli aň ornaşdyrylýar: tehnologiýalar dynç alşy nähili üýtgedýär?

Amerikan attraksion seýilgählerinde nobatlaryň azaldylmagy we myhmanlaryň wagtyny has ýakymly geçirmekleri üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Legoland», «SeaWorld» we «Disney» ýaly iri senagat ägirtleri eýýämden «Vision AI-dan» başlap, emosiýaly robotlara çenli onlarça çözgütleri ulanyp başladylar...

1.3k+

«Elden Ring Nightreign» ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy

«FromSoftware» studiýasy tarapyndan işlenip düzülen «Elden Ring Nightreign» kooperatiw ekşen-oýny 4 günde 3,5 million nusgada satyldy. Bu barada oýnuň işläp düzüjileri habar berdi. Bu san diňe sanly görnüşdäki satuwlary däl, eýsem fiziki göterijileriň üpjünçiligini hem öz içine alýar...

4.5k+

Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar

Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy...

8.7k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly açyldy

4-nji iýunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan...

9.3k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar...

4k+

Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady

Collider amerikan neşiri soňky 30 ýylda çykan iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmleriň sanawyny hödürledi. Iň ýaramaz horror “Winni-Puh: Gan we bal” (Винни-Пух: Кровь и мед) filmi boldy. Collider ony “arassa ýaltalyk we içgysgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Bu göz öňüne getirip boljak iň bir ýürekgysgynç we bir görnüşli horror-tejribeleriniň biri” diýip belledi...

1.9k+

The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy

Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär...

2.3k+

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär. «Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy...