“Fantastik dörtlük” prokatyň ikinji hepdesinde agsap başlady, kassa ýygymy 66% peseldi

  • 05.08.2025 23:27
  • 6.7k+

“Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (Фантастическая четвёрка: Первые шаги) filmi iki uikendiň jemi boýunça amerikan prokatynda 198 mln dollar ýygnap, çartlarda öňdebaryjylygy saklady. Film “Bezzat oglanlar 2” (Плохие парни 2) animasion filminden we “Ýalaňaç sapança” (Голый пистолет) komediýasyndan öňe geçdi diýip, Variety habar berýär.

Ýöne Marvel-iň täze filminiň kassa ýygymy ilkinji hepdesi bilen deňeşdirilende 66% pese gaçdy, bu 2022-nji ýylda “Tor: Söýgi we gök gürrüldisi” (Тор: Любовь и гром) filminiň pese gaçyşy (67%) bilen deňdir. Dünýä prokatynda film 368 mln dollar gazandy. Tomaşaçy gyzyklanmasynyň düýpgöter peselmegi Marvel üçin nobatdaky şowsuzlyk bolup biler.
“Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” 25-nji iýulda prokata çykdy. Film üýtgeşik ukyplary bolan supergahrymanlar barada gürrüň berýär. Sýužet olaryň gelip çykyşynyň taryhyna gitmeýär (bu eýýäm beýleki filmlerde edildi) we munuň deregine täze sýužet öwrümlerine ünsi jemleýär. Baş keşpleri Pedro Paskal, Wanessa Kirbi, Jozef Kuinn we Ebon Moss-Bakrak ýerine ýetirdi.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......