“Kasper” filmi 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata goýberiler

  • 05.08.2025 14:58
  • 3.2k+

Universal Pictures we Amblin Entertainment “Kasper” filmini 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata çykarar. Görkeziliş 3-nji oktýabrdan 31-nji oktýabr aralygynda bolar diýip, Bleeding Cool habar berýär.

“Kasperiň” premýerasy 1995-nji ýylyň 28-nji maýynda boldy. Film 1945-nji ýylda Seýmur Reýt we Jo Oriolo tarapyndan döredilen Harvey Comics komiksleriniň gahrymanyna esaslanýar.
Film köne jaýda ýaşaýan we adamlar bilen dostlaşmagy arzuw edýän ruh Kasper barada gürrüň berýär. Bu öýe göçüp gelen doktor Harwi we onuň gyzy Ket ruh bilen tanyşýar.
Režissýor Bred Silberling filmi baş keşplerde Bill Pullman we Kristina Riççi bilen düşürdi. Kaspere Malaçi Pirson ses berdi. Filmiň býujeti 55 mln dollar (häzir bu mukdar inflýasiýany göz öňünde tutanyňda 116 mln dollar), kassa ýygymy bolsa 288 mln dollar (häzirki hümmet boýunça, takmynan, 480 mln dollar) boldy.
Filme wizual effektleri, Kasperiň animasiýasy we dostluk barada täsirli wakasy üçin oňyn baha berildi. Onuň esasynda animasion seriallar: “Kasperiň gorkunç täze başdangeçirmeleri” (1996, 52 bölüm) we “Kasperiň gorky mekdebi” (2006-2012, 52 bölüm), şeýle-de iki prikwel – “Kasper: Joşgunly başlangyç” (1997) we “Kasper bilen Wendiniň duşuşygy” (1998) düşürildi.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......