Apple-iň Hytaýdaky ilkinji öňdebaryjy dükany işlemegini bes eder

  • 01.08.2025 17:51
  • 4.6k+

Apple kompaniýasy Hytaýyň Dalýan şäherindäki flagman dükanynyň ýapyljakdygyny mälim etdi. Ol 9-njy awgustda işlemegini bes eder diýip, 21st Century Business Herald gazeti habar berdi.

Dükan 2015-nji ýylyň oktýabrynda açylyp, amerikan tehnologiýa ägirdiniň Dalýanda ilkinji we Lýaonin welaýatynda ikinji resmi dükany bolupdy. Kompaniýa onuň ýapylmagynyň sebäbini aýtmady.
Çözgüt kompaniýanyň 2025-nji ýylyň ikinji çärýegindäki maliýe netijeleri belli bolan wagty kabul edildi. Apple-iň girdejisi 5% ýokarlanyp, 95,36 mlrd dollara ýetdi, ýöne materik Hytaýda görkezijiler 2% peselip, 16 mlrd dollar boldy.
IDC analitikleri munuň sebäbi hökmünde bäsdeşligiň güýçlenmegini belleýär. 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Huawei Hytaýyň smartfon bazaryny 12,5 mln smartfon bilen üpjün edip we bazaryň 18,1%-ini eýeläp, öňdebaryjy boldy. Apple 13,9% paý bilen bäşinji orunda ýerleşdi. Ol Vivo, OPPO we Xiaomi ýaly brendlerden yza galdy. 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple 17,4% paý bilen birinji orny eýeläpdi.
Häzirlikçe Dalýandaky dükanyň ýapylmagynyň aýratyn bir waka ýa-da kompaniýanyň hytaý bazary üçin strategiýasyndaky uly üýtgeşmeleriň bir bölegi boljakdygy belli däl.


şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....