Ilon Maskyň Grok çat-boty sähel salymda sesli wideo döredip biler

  • 01.08.2025 15:08
  • 5.1k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan döredilen Grok çat-boty Aurora modelinde işleýän Imagine wideo döretmek funksiýasyna eýe bolar. Bu barada Grok topary X sosial ulgamynda habar berdi.

Imagine funksiýasy ulanyjylara tekst beýanynyň esasynda derrew sesli wideo döretmäge mümkinçilik berer. Munuň üçin Grok programmasyny ýükläp almaly, SuperGrok ýazylyşygyna geçmeli we 2025-nji ýylyň oktýabrynda başlajak irki elýeterlilige nobata durmaly.
2024-nji ýylyň ahyrynda Ilon Mask hakyky ýaly görünýän suratlary döretmek üçin Auroro neýroulgamyny hödürledi. Ol ýokary hilli suratlary döredip, obýektleri, tekstleri, logotipleri we adam portretlerini takyk şekillendirýär. xAI kompniýasynyň işläp düzüjileri beýleki modelleriň şowsuzlyga uçraýan ýerlerinde Grok-yň üstünlik gazanýandygyny belleýär.
Häzir xAI Grok-y Colossus 1 superkompýuterindäki 230 müň grafiki prosessorda, şol sanda 30 müň Nvidia GB200 çibinde “okadýar”. Maglumatlar bulut prowaýderleriniň kömegi bilen işlenýär.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......