Salwador Daliniň arzanlaşykda 200 dollara satyn alnan “geň” kartinasyna 40 müň dollar baha kesildi

  • 04.08.2025 18:14
  • 5.4k+

Cheffins auksion öýi Salwador Daliniň iki ýyl mundan ozal 150 funt sterlinge (200 dollar töweregi) satyn alnan kartinasyny auksiona çykarar. "Vecchio Sultano" ("Garry soltan" (“Старый султан”)) diýlip atlandyrylýan kartina 26-40 müň dollar aralygynda baha kesildi diýip, The Guardian habar berýär.

Bu iş 1966-njy ýylda garyşyk tehnikada - akwarel bilen flomasterde döredilipdir. Ol "Müň bir gije" üçin niýetlenip, durmuşa geçmän galan suratlar taslamasyna degişlidir. Sýužeti suratkeşiň howandarlary Juzeppe bilen Mara Albaretto sargyt edipdir. Dali 500 surat çekmegi meýilleşdirýär, ýöne bary-ýogy 100-sini tamamlapdyr.

"Şol 100 suratyň ýarysy ýa-ha zeper ýetensoň, ýa-da ýitirilensoň Rizzoli neşirýatynda galypdyr. Galan 50-si Albarettonyň maşgalasynda saklanypdyr we soňra Daliniň öz çokundyran gyzy Kristina miras geçipdir" - diýip, Cheffins-iň  wekili Gabriel Dauni düşündirdi.

Albarettonyň maşgalasyna galan 50 surat ilkinji gezek 2014-nji ýylda çap edilip, taslamanyň we ýitirilen çyzgylaryň ykbalyna täzeden gyzyklanma döretdi.
"Vecchio Sultano" illýustrasiýasyny 2022-nji ýylda Kembrijden bir antikwar tapdy. Ol Londondaky jaýlaryň biriniň garažynda saklanypdyr. Arzanlaşykly satuwda hiç kim kartinanyň gymmatlydygyny aňmandyr: häzirki eýesinden başga diňe bir alyjysy bolupdyr.

"Adatça men halan zadymy satyn alýaryn. Ýöne şol gezekki bolan ýagdaý başgaça – muny, hatda diwardan asmak islänime-de ynamym ýok... Geň sungaty halaýanam bolsam, bu ýagdaýda, hakykatdanam, bu sungatyň aşygy bolmaly" - diýip antikwar boýun aldy.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......