Tutuş dünýäde Samsung smart telewizorlarynda goşundylar işlemegini bes etdi

  • 01.08.2025 19:33
  • 5.8k+

Samsung smart-telewizorlarynda dünýä derejesindäki uly näsazlyk ýüze çykdy — ulanyjylar dürli programmalary, şol sanda Netflix, YouTube we Amazon Prime Video ýaly hyzmatlary açyp bilmändikleri barada habar berdiler.

Goşundylaryň menýuda görkezilýändigine garamazdan, olar açylmady we “202” belgili ýalňyşlyk habary peýda boldy. Bu kod adatça internet birikmesine degişli meseleleri görkezýär, emma köp ulanyjylar internetleriniň kadaly işleýändigini aýtdylar.
Samsung kompaniýasy näsazlygyň bardygyny tassyklady, ýöne onuň sebäpleri heniz resmi taýdan düşündirilmedi.
Soňlugy bilen näsazlygyň aradan aýrylandygy habar berildi. Käbir ulanyjylar üçin telewizory doly öçürip-ýakmak usuly kömek edipdir.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...