Telegram-da täzelenmeden soň global näsazlyk bolup geçdi

  • 01.08.2025 18:59
  • 2.6k+

31-nji iýulda agşam birnäçe ýurtda Telegram ulanyjylary messenjeriň işlemeginde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny habar berdiler. Muny Downdetector hyzmatynyň maglumatlary tassyklaýar.

Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Germaniýada we beýleki ýurtlarda ulanyjylar serwere birikmekde we akkaunta girmeginde kynçylyk çekendiklerini belläp geçdiler. Käbir ýurtlarda bolsa ulanyjylar bildirişleriň gelmezligi, şeýle hem mobil goşundyda we web saýtda näsazlyklar barada şikaýat etdiler.
Bu global näsazlyk messenjeriň täze täzelenmesi bilen bir wagtda ýüze çykdy. 31-nji iýuldan başlap, Telegram-da ulanyjylar diňe abuna ýazylan kanallaryndan däl, eýsem, ähli açyk kanallardan neşir edilen maglumatlary global derejede gözlemek mümkinçiligine eýe boldular. Bu funksiýa diňe Premium abuna ýazylanlar üçin elýeterlidir.
Mundan başga-da, profil sahypasyndaky "istoriýalary" indi albomlara ýerleşdirip bolýar. Şeýle hem, işewür akkauntlar we mazmun döredijiler bu ýerde harytlary görkezmek ýa-da pleýlist düzmek mümkinçiliklerine eýe boldular.


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...