Apple iOS 26-dan öň soňky uly täzelenmäni – iOS 18.6-ny çykardy

  • 02.08.2025 15:33
  • 1.7k+

Apple iPhone üçin iOS 18.6-ny hödürledi. Täzelenme möhüm düzedişleri we howpsuzlyk kämilleşdirmelerini öz içine alýar. Bu 2025-nji ýylyň sentýabrynda iOS 26 çykmazdan ozal, ulgamyň soňky uly täzelenmesi bolsa gerek diýip, 9to5mac ýazýar.

Esasy üýtgeşmeleriň arasynda “Photos” programmasynda “Ýatlamalar” bölüminde kontentiň görünmegine päsgel beren näsazlyklaryň düzedilmegi bar. Şeýle-de, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndaky ulanyjylar üçin üçünji tarap programma dükanlaryny gurnamak prosesi ýönekeýleşdirildi.
Işläp düzüjiler howpsuzlyk bilen bagly 20-den gowrak gowşaklygy düzetdi. Olaryň arasynda Safari brauzerinde ulanylýan WebKit dwižogy, şeýle-de ekranda maglumatlary seslendirmek üçin niýetlenen VoiceOver programmasy bilen bagly näsazlyklar bar.
iOS 18.6-ny 2018-nji ýyldan bäri çykan smartfonlar göterýär. Täzelenmäni gurnamak üçin “Sazlamalara” (Настройки) girip, “Esasylar” (Основные) bölümini we “Programma üpjünçiliginiň täzelenmesi” (Обновление ПО) punktyny saýlamaly. Ýygnama belgisi – 22G86. iPhone 16 Pro Max-da faýlyň möçberi 1,07 Gb.
2025-nji ýylyň sentýabrynda iPhone 17-niň çykmagy bilen iOS 26 atly täze ulgamyň ulanylyp başlanmagyna garaşylýar. Apple operasion ulgamlaryň tertip belgisinden ýüz öwrüp, olary ýyla görä atlandyrmak kararyna geldi. Şonuň üçin beýleki operasion ulgamlar hem şeýle atlandyrylar: iPadOS 26, macOS 26, watchOS 26, tvOS 26 we visionOS 26.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...