Jeýms Gann “Supermen 2” filmini döretmäge girişdi

  • 03.08.2025 21:55
  • 2.6k+

Režissýor Jeýms Gann “Supermen” filminiň dowamyny yglan edip, ssenarini ýazmaga girişendigini aýtdy.

“Indi men “Barlyşdyryjynyň” (Миротворец) ikinji möwsümini ilerledip, “Supermeniň” dowamyny ýazaryn! Men filmiň dowamyny haçan yglan etmek isleýärin? Men ony edil şu wagt etdim” – diýip, režissýor geljekki meýilnamalary barada aýtdy.

“Supermen” filminiň premýerasy 11-nji iýulda boldy. Film Klark Kentiň ýaşlygy we onuň supergahryman hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berýär. Baş keşbi Dewid Korenswet (“Ýönekeýje”) ýerine ýetirdi. Lois Leýniň keşbini Reýçel Brosnahen, fotosuratçy Jimmi Olseni – Skaýler Jizondo, baş zalymy bolsa – Nikolas Holt (Telbe Maks: Gazap ýoly) janlandyrdy.
Üç hepde prokatyň dowamynda film dünýä prokatynda 522 mln dollardan gowrak gazandy.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......