Jastin Timberleýkde Laýma keseli ýüze çykaryldy

  • 02.08.2025 17:48
  • 8.3k+

Amerikaly aýdymçy Jastin Timberleýke Laýma keseli diagnozy goýuldy. Bu barada ol Instagram sahypasynda habar berdi diýip, Variety belleýär.

Sazanda konsertleri döwründe güýçli beden agyrysyny (newralgiýa), ýadawlygy we ýürek bulanmany başdan geçirendigini belledi.

“Meniň saglyk ýagdaýym gowy däldi we maňa “Laýma keseli” diagnozy goýuldy. Men muny siziň maňa gynanmagyňyz üçin aýdamok. Men sahnanyň aňyrsynda nähili zatlary başdan geçirendigimi düşündirmek isleýärin” – diýip, Timberleýk ýazdy.

Ol kesel sebäpli durmuşynyň ahlak we fiziki taýdan ýadadyjy bolandygyny, ýöne konsertleri ýatyrmazlyk kararyna gelendigini belledi, çünki çykyş etmekden alynýan duýgy stresden ýokarydy.
Tomus başlaly bäri Jastin Timberleýk ýedi ýurtda – Estoniýada, Polşada, Beýik Britaniýada, Lýuksemburgda, Awstriýada, Gruziýada we Azerbaýjanda konsert berdi. Köp tomaşaçylar aýdymçynyň gowşakdygyny, tansyň ýokdugyny, onuň gijä galýandygyny we konsertiň möhletinden ir tamamlanýandygyny görkezip, çykyşlary tankytlady.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......