SMM-çiniň ýalňyşlygymy? Apple ýalňyşlyk bilen bäsdeşiniň smartfonyny mahabatlandyrdy

  • 02.08.2025 15:30
  • 3.8k+

Apple-iň Hytaýyň Weibo sosial ulgamyndaky resmi akkaunty ýalňyşlyk bilen täze Samsung Galaxy Z Flip7 eplenýän smartfonynyň mahabat wideosyny hödürledi. Wideo tiz wagtdan aýryldy, ýöne ulanyjylar ýalňyşlyga üns berip ýetişdi we indi ol gülküli ýagdaýlaryň birine öwrüldi diýip, MacRumors ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, ýalňyşlyk kompaniýanyň ikisiniň-de sosial ulgamlarda olaryň harytlaryny mahabatlandyrmak bilen meşgullanýan şol bir marketing agentliginiň hyzmatlaryndan peýdalanmagy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Ähtimal, SMM hünärmeni faýllary çalşyp, tötänlik bilen Apple-iň sahypasyna onuň bäsdeşiniň wideosyny ýüklän bolmaly.
Internet torunda Apple-iň şeýle etmek bilen eplenýän iPhone-yň çykmagyna yşarat edip bilendigi barada degişýärler. Ýöne, her niçigem bolsa, anons üçin kompaniýa şeýle usuly ulanmasa gerek.
Öň MacRumors neşiri JPMorgan-yň içerki resminamalaryna salgylanyp, eplenýän iPhone Fold smartfonynyň 2026-njy ýylyň sentýabrynda çykyp biljekdigini habar berdi. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, gurluş epinsiz 7,8 dýuýmlyk içki ekrana we 5,5 dýuýmlyk daşky displeýe, titandan korpusa, polat şarnire we Touch ID skanerine eýe bolar. Smartfonyň bahasy 1999 dollar bolup biler.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....