Amazon “Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleriniň” üçünji möwsümini düşürip başlady

  • 03.08.2025 17:41
  • 6k+

Amazon “Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri” (Властелин колец: Кольца власти) fentezi serialynyň üçünji möwsüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Önümçilik ikinji möwsümiň ahyrky bölümi çykandan dokuz aýdan soň başlady diýip, Empire ýazýar.

Deslapky çaklamalara görä, täze bölümleriň premýerasy geljek ýylyň ortalaryndan ir bolmasa gerek.
Serialyň dowamynyň sýužeti wakalary birnäçe ýyl öňe alyp gider. Esasy üns elfler bilen Sauronyň goşunynyň arasyndaky urşa gönükdiriler. Munuň bilen birlikde Gara Hökümdar söweşiň gidişini üýtgetmek we Ortaýeri özüne boýun egdirmek üçin Bir ýüzügi döretmäge synanyşar.
Üçünji möwsümde täze aktýorlar peýda bolar. Jeými Kempbell Bauer Galadrieliň hyzmatkäri Selebornyň keşbini, Eddi Marsan bolsa gnom Duriniň doganyny oýnar diýlip garaşylýar. 


şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....