Mark Ruffalo Möý adam baradaky täze filmde Halkyň keşbine gaýdyp geler

  • 04.08.2025 17:03
  • 3.7k+

Mark Ruffalo “Möý adam 4” filminiň aktýorlar düzümine resmi taýdan goşuldy we ýene-de Halkyň keşbini ýerine ýetirer. Film 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda halkara prokata çykar we “Düýpgöter täze gün” goşmaça sözbaşysyny alar.

Internet torunda geljekki filmiň gysga tizeri hödürlendi.
Piter Parkeri ýene-de Tom Holland oýnar. Şeýle-de, aktýorlaryň arasynda Zendeýa, Jon Berntal (Jezalandyryjy), Sedi Sink, Maýkl Mendo (Içýan) we beýlekiler bar.
Taslamanyň režissýory “Şan-Çi” filmi bilen tanalýan Destin Deniel Kretton boldy. Film eýýäm Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde düşürilip başlandy. Sýužet barada giňişleýin maglumat entek ýok.
Ruffalo ilkinji gezek Halkyň keşbinde “Ar alyjylar” filminde (2012) peýda boldy. Soňky gezek bu keşbi “Hanym Halk: Aklawçy” (Женщина-Халк: Адвокат) serialynda ýerine ýetirdi. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......