MrBeast we Mark Rober 2 mln adamy arassa suw bilen üpjün etmek boýunça kampaniýa başlaýar

  • 03.08.2025 13:49
  • 11k+

Belli YouTube blogerleri MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) we Mark Rober #TeamWater atly global kampaniýany işe girizdi. Onuň maksady 31-nji awgusta çenli 40 mln dollar toplamakdan ybarat. Serişdeler bütin dünýäde 2 mln adamy onlarça ýyllap arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge gönükdiriler.

Dünýäde iň meşhur bloger MrBeast bu başlangyja ýörite wideo bagyşlady we ol bir günde 18 mln tomaşa ýygnady. NASA-nyň öňki inženeri Mark Rober bolsa öz kanalynda suw arassalaýyş tehnologiýasynyň (şol sanda lagym suwlary) mysalyny görkezdi.
Bu başlangyç WaterAid halkara täjirçilik däl guramasynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.
Kampaniýa umumy auditoriýasy 2 mlrd agzadan geçýän 84 ýurtdan blogerleriň gatnaşmagyna esaslanýar. Kontent döredijiler öz platformalaryny meselä ünsi çekmek we haýyr-yhsan ýygnamak üçin ulanar. Aksiýalar YouTube-da, TikTok-da we beýleki platformalarda geçýär.
MrBeast we Mark Rober ozal 50 mln dollardan gowrak ýygnan #TeamTrees we #TeamSeas ekologiýa başlangyçlaryny geçiripdi. Täze taslama hem möhüm global meseleleriň biri bolan arassa suwuň ýetmezçiligini çözmegi maksat edinýär.
Ähli ýygnalan serişdeler Gün nasoslarynyň kömegi bilen guýulary burawlamak we suw arassalaýyş ulgamlaryny gurnamak, öýlere, mekdeplere we lukmançylyk edaralaryna suw geçirijilerini çekmek ýaly uzak möhletleýin çözgütlere gönükdiriler.
WaterAid-iň maglumatlaryna görä, 703 mln töweregi adamyň öýüniň golaýynda arassa agyz suwuna, 2,2 mlrd adamyň saglyk üçin howpsuz suwa elýeterliligi ýok, bäş ýaşdan kiçi tas 400 müň çaga bolsa her ýyl arassalanmadyk suwuň ulanylmagy netijesinde kesellerden heläk bolýar.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......