Täze Galaxy Z Fold7 ABŞ-da köp satylýan, Hindistanda bolsa ýetmezçilik edýän smartfon boldy

  • 02.08.2025 17:53
  • 6.4k+

Samsung ABŞ-da Galaxy Z Fold7 smartfony üçin rekord mukdarda – Galaxy Z Fold hatarynyň öňki islendik modelinden köp deslapky sargytlary kabul edendigini habar berdi.

Umuman alanyňda, Galaxy Z Fold7 we Galaxy Z Flip7 üçin deslapky sargytlar geçen ýylky görkezijilerden 25% ýokary boldy. Aragatnaşyk operatorlarynyň maglumatlaryna görä, iki model üçin hem deslapky sargytlaryň ösüşi öňki modeller bilen deňeşdirilende 60% boldy.
Şeýle-de, kompaniýa 25-nji iýulda satuw başlandan soň, smartfonlaryň ikisi üçin hem islegiň ýokary bolmagynda galýandygyny belledi. Sargytlaryň mukdary öňki nesil smartfonynyň görkezijilerinden 25%-den gowrak bolmagyny dowam etdirýär, Galaxy Z Fold7-niň satuwy bolsa degişli döwürde geçen ýylky modeliň derejesinden 50% ýokarydyr.
Mundan başga-da, öňki modellerden tapawutlylykda Galaxy Z Fold7 maşgalasynda iň köp isleg bildirilýän reňk Blue Shadow boldy. Ol deslapky sargytlaryň, takmynan, ýarysyny emele getirdi. Öňki modellerde korpusyň gara reňki öňdebaryjydy.


16.06.2026 12:35
5.7k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......