Angliýada ilkinji gezek futbol oýny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer

  • 02.08.2025 15:27
  • 2.5k+

“Býornli” futbol kluby taryhda ilkinji gezek futbol oýnuny wirtual hakykat görnüşinde ýaýlyma berer. Synag görkezilişi 9-njy awgustda bolar, şol gün klub öýünde “Lasio” italýan toparyna garşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Taslama sport pudagynda VR tehnologiýalaryna ýöriteleşen Rezzil kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Ýaýlymy görmek üçin tomaşaçylara diňe wirtual hakykat garniturasy gerek. Onuň üsti bilen özüňi “Terf Mur” stadionynda ýaly duýmak, meýdançany doly görmäge mümkinçilik berýän “aýratyn ýeri” eýelemek, beýleki janköýerleriň seslerini we teswirlerini eşitmek bolar, şeýle-de oýun üçin taýýarlanan goşmaça materiallara elýeterli bolmak mümkin.
Guramaçylaryň aýtmagyna görä, ýaýlym ünsli we üznüksiz tomaşa üçin aýratyn gurşawy döredip, janköýerlere dünýäniň islendik künjeginde stadionyň atmosferasyny duýmaga mümkinçilik berer. Klub bu başlangyjyň “Býornliniň” janköýerler bilen sanly aragatnaşyk boýunça öňdebaryjylaryň biri hökmünde ornuny berkitjekdigine ynanýar.
“Býornli” bilen “Lasionyň” arasyndaky oýun 9-njy awgustda Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar. Wirtual hakykat režiminde tomaşa etmek Meta Quest VR garniturasynyň kömegi bilen Premier League Player programmasy arkaly mugt elýeterli bolar.


19.06.2026 19:56
6.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....