Gadymy Müsür artefaktynda tötänleýin 4000 ýyllyk el yzy tapyldy

  • 01.08.2025 15:02
  • 5.8k+

Kembrijdäki Fisuilýam muzeýinde saklanýan Gadymy Müsür artefaktynda hünärmenler 4000 ýyllyk el yzyny tapdylar. Tapyndy açylyşy 3-nji oktýabra meýilleşdirilen sergide görkeziler diýip, CNN ýazýar.

El yzy “ruhlar öýüniň” – gurban etmek üçin aramgählerde we ruhlar üçin öý hökmünde ulanylan iki gatly binanyň şekilindäki palçyk predmetiň düýbünde tapyldy.
Alymlar artefakty öwrenip, küýzegäriň ilki agaç karkasy ýasandygyny, soňra ony palçyk bilen suwandygyny anyklady. “Öý” bişirilen wagtynda agaç ýanypdyr.


El yzy önümiň düýbünde tapyldy. Ähtimal, ol palçyk heniz çyg wagty galdyrylan bolmaly.

“Biz çyg lakda ýa-da tabydyň bezeginde barmak yzlaryny tapypdyk, ýöne bu “ruhlar öýüniň” aşagynda doly el yzyny tapmak – uly seýreklik we tolgunma” – diýip, muzeýden Müsüri öwrenýän alym Helen Strudwik gürrüň berýär.

Ol ozal hiç haçan şeýle predmetlerde doly el yzyny görmändigini aýtdy. “Ruhlar öýi” Gadymy Müsüriň näbelli senetçilerine bagyşlanan serginiň bir bölegi bolar.


şu gün 14:01
4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

düýn 11:13
7.9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

07.06.2026 17:05
9.1k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......