Apple 2007-nji ýylda iPhone-nyň birinji modeli döränden bäri 3 milliard iPhone satdy

  • 01.08.2025 19:23
  • 3.9k+

Apple kompaniýasy ilkinji iPhone modeliniň çykan gününden bäri 3 milliarddan gowrak enjam satandygyny habar berdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk 2025-nji ýylyň üçünji maliýe çärýeginiň hasabatyny tanyşdyranda aýtdy diýip, TechCrunch habar berýär.

iPhone-nyň taryhy eýýäm 18 ýyllyk döwri öz içine alýar — ilkinji model 2007-nji ýylda çykypdy. Ilkinji milliarda ýetmek üçin Apple 9 ýyl sarp etdi. Ikinji milliarda baş ýylda ýetdi, üçünji milliarda bolsa eýýäm 4 ýylyň dowamynda ýetdi. 
Iň köp satylan modelleriň arasynda 2020-nji ýylda çykarylan iPhone 12 ýerleşýär. Bu modelden 250 milliondan gowragy satyldy. iPhone 6 we 6 Plus modeli 220 milliondan gowrak satuw bilen ikinji orunda ýerleşýär. 
2025-nji ýylyň III çärýegi boýunça Apple-nyň girdejileri:

  • Jemi girdeji: $94,04 milliard (2024-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda +10%)
  • iPhone: $44,58 milliard (+13,5%)
  • Mac: $8,05 milliard (+8%)
  • iPad: $6,58 milliard (–14,8%)
  • Aksessuarlar (AirPods, AirTag, Apple Watch we beýlekiler): $7,4 milliard
  • Hyzmatlar (App Store, iCloud, Apple Music we ş.m.): $27,42 milliard

Kompaniýa indiki çärýekde girdejiniň 1% artmagyna garaşýar hem-de hatda ABŞ-nyň gümrük syýasatyndaky üýtgeşmelere garamazdan 46–47% aralygynda girdeji çelgisini saklamagy meýilleşdirýär.
Hasabatdan soňra Apple-nyň paýnamalarynyň bahasy 2% ýokarlandy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.2k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...