Millionlarça dollara durýan aýfonlar: Sotheby's taryhda iň gymmat smartfonlar barada gürrüň berdi

  • 02.08.2025 07:26
  • 7.2k+

“Sotheby's” auksion öýi bahasy millionlarça dollar durýan dünýäniň iň gymmat smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi.

Gürrüň gymmat bahaly daşlar bilen bezelip, elde ýasalan modeller hakda barýar. Bu enjamlar diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem kolleksionirlemegiň we maýa goýmagyň serişdesi hem hasaplanýar diýip, Sotheby’s International Realty portaly ýazýar.
Iň gymmat bäş modeli siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Goldstriker iPhone 3GS Supreme - 3,2 million dollar
Sanawdaky ilkinji 5-ligi liwerpully dizaýner Stýuart Hýuz tarapyndan bezelen iPhone 3GS soňlaýar. Ol 3,2 million dollara satyldy. Gaby 22 karatlyk altyndan, 136 sany göwher bilen bezelipdir. “Apple” nyşany 36 daş bilen örtülendir. “Öý” düwmesi 7,1 karatlyk göwherden ýasaldy. Telefon kaşmir altyny bilen bezelen we nubuk bilen örtülen,  7 kg agramly granit daşlykda gelýär. Ony taýýarlamak  üçin 10 aý gerek boldy. Alyjynyň kimdigi aýdylmaýar, myş-myşlara görä, ol altyn gazyp alyjymyş.

iPhone 4 Diamond Rose Edition - 8 million dollar
Bu smartfon awstraliýaly telekeçi Toni Seýj üçin şol bir Hýuz tarapyndan işlenip taýýarlandy. Model gülgüne altyn bilen örtülendir we jemi agramy 100 karat bolan 500-den gowrak göwher bilen haşamlanandyr. Dolandyryş düwmesi platina oturdylan agramy 7,4 karat bolan gülgüne göwherden ýasalan.

iPhone 4S Elite Gold - 9,4 million dollar
Stýuart Hýuzyň ýene bir işläp taýýarlan önümi. Telefonyň korpusy 24 karat altyn bilen örtülip, 500 göwher bilen bezeldi. “Apple” nyşany 53 göwherden ýasaldy. “Öý” düwmesi 7,4 karat almazdan ýasaldy. Telefon opal, gün daşy, çaroit we tirannozawryň süňki bilen bezelen gapda gelýär.

iPhone 5 Black Diamond - 15,9 million dollar
Bu model 2013-nji ýylda hytaýly telekeçiniň buýrmasy esasynda döredildi. Stýuart Hýuzyň nobatdaky ajaýyp eseriniň korpusy guýma altyndan bolup, 600 sany ak göwher bilen bezelipdir. Nawigasiýa düwmesiniň merkezinde 26 karatlyk gara göwher bar. “Apple” nyşany 53 daş bilen örtülendir.

Falcon Supernova iPhone 6 - 48,5 million dollar
Dünýäniň çakdanaşa ajaýyp smartfony 2014-nji ýylda çykan Falcon Supernova iPhone 6 bolup galýar. Bu model Amerikanyň Falcon brendiniň ussalary tarapyndan elde ýasaldy. Ol 24 karatlyk altyn, gülgüne altyn ýa-da platina bilen örtülendir. Yzky panelinde seýrek gülgüne göwher bar.

Bu modeliň başga görnüşleri hem bar: mämişi göwher (42,5 million dollar) we gök göwher (32,5 million dollar). Smartfonyň ýanyna 300 000 dollarlyk nauşnik goşulýar, 4,75 million dollara bolsa ony gök ýakut daşy bilen bezäp bolýar.


01.02.2026 12:21
1.8k+

Apple birnäçe ýurtlarda App Store-daky oýunlaryň we programmalaryň bahalaryny gymmatladýar

Apple kompaniýasy dokuz sany ýurtda programmalaryň we programma içindäki satyn alyşlaryň bahalaryny üýtgetmek barada karara geldi. Bu barada kompaniýa işläp düzüjilere iberen ýörite habarnamasynda mälim etdi. Bahalardaky üýtgeşmeler eýýäm güýje girdi we täze aýda ýene-de goşmaça düzedişleriň girizilmegine garaşylýar...

01.02.2026 12:03
1.6k+

Pursatdan peýdalanjak diýseňiz: Apple Music üç aýlyk mugt abuna sowgat edýär

Apple kompaniýasy täze ulanyjylaryň adaty bir aýyň ýerine üç aýlap «Apple Music» ulgamyna mugt girmegine mümkinçilik berýän aksiýany yglan etdi. Bu başlangyç, Apple-iň resmi hemaýatçy hökmünde çykyş edýän «Superboul» sport we şou dabarasyna bagyşlanýar...

29.01.2026 07:06
5.3k+

Bahasy tas 30% arzanladylandan soň "şowsuz" iPhone Air Hytaýda derrew satylyp gutardy

Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär...

28.01.2026 14:29
3.7k+

Apple garaşylmadyk ýagdaýda iPhone-nyň könelişen modelleri üçin möhüm täzelenme çykardy

Apple kompaniýasy iPhone 5s we iPhone 6 ýaly könelişen modeller, şeýle hem iOS 12 operasion ulgamynda işleýän beýleki enjamlar üçin iOS 12.5.8 täzelenmesini çykardy. Bu smartfonlaryň satuwa çykarylyp başlanyna eýýäm on ýyldan gowrak wagt geçdi...