Team Spirit topary Counter-Strike 2 boýunça IEM Cologne 2025 ýaryşynda 400 müň dollar gazandy

  • 04.08.2025 19:19
  • 3.7k+

Düzüminde rus-ukrainaly oýunçylar bolan Team Spirit serbiýaly kibersport topary Counter-Strike 2 boýunça "IEM Cologne 2025" halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 3-nji awgustda Kýölnde ýerleşýän Lanxess Arena-da geçen finalda olar Germaniýanyň MOUZ toparynyň Ýewropa düzümine garşy ynamly ýeňiş gazandy – hasap 3:0.

Bu ýeňiş üçin Team Spirit topary $400 müň gazandy. Ikinji orny eýelän MOUZ topary bolsa $180 müň aldy.
Topar üç kartada yzygiderli ýeňiş gazandy:

  • Mirage – 13:7
  • Ancient – 13:11
  • Nuke – 13:6

Ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip toparyň 18 ýaşly rifleri Daniil "donk" Kryşkowets yglan edildi. HLTV.org sahypasynyň berýän maglumatyna görä, ol 13 kartanyň netijesinde ortaça 1,5 reýting görkezdi. Bu onuň karyýerasyndaky dokuzynjy MVP baýragy boldy. Munuň bilen ol meşhur oýunçy Nikola "NiKo" Kowaç bilen MVP sany boýunça deňleşdi, ýöne Daniil bu netijä has ir ýaşda ýetdi.
Ýaryşyň guramaçylary geljekki IEM Cologne ýaryşynyň 2026-njy ýylyň tomsunda geçiriljekdigini hem-de bu ýaryşyň Kýölnde geçiriljek dördünji meýjor boljakdygyny habar berdiler. Şol wagta çenli toparlar beýleki ýaryşlara taýýarlyk görerler. Hususan-da, indiki Counter-Strike 2 meýjor ýaryşy Budapeştde geçiriler. StarLadder Budapest Major 2025 24-nji noýabrdan 14-nji dekabra çenli dowam eder.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
950

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......