Awstraliýada ýurtda iň uly we iň agyr mör-möjek ýüze çykaryldy

  • 03.08.2025 17:37
  • 12k+

Kwinslend tropiklerinde, Aterton belentliginde Awstraliýanyň çäginde belli bolan mör-möjekleriň iň uly we iň agyr görnüşi ýüze çykaryldy.

The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, taýajyk görnüşlileriň täze görnüşine Acrophylla alta ady berildi. Ylmy gözlegçileriň hasabyna görä, mör-möjegiň agramy 45 gram töweregi bolup, bu golf topunyň agramyna golaýdyr. Uzynlygy bolsa 40 sm ýetýär.
Tapyndyny Jeýms Kuk uniwersitetinden Angus Emmott we Ross Kouplend ýüze çykardy. Uly urkaçy mör-möjek Millaa-Millaa ilat nokady bilen Maunt-Gipipame krateriniň arasyndaky agaçlaryň ýokary başlaryndan tapyldy. Ylmy gözlegçiler mör-möjegi tutmak üçin uzyn taýak ulandy. Kouplend tapylan taýajyk görnüşliniň ozal öwrenilmedik görnüş bolup biljekdigini öňe sürýär.
Mör-möjek gözenege salyndy, iýmit berildi we ýumurtgasy ýygnaldy. Emmottyň aýtmagyna görä, taýajyk görnüşlileriň her biriniň ýumurtgasynyň özboluşly şekiliniň bolmagy Acrophylla alta-nyň özboluşlylygyny tassyklamaga kömek etdi. Alymlaryň pikiriçe, bu görnüş uzak wagtlap görünmän galan bolmaly, çünki olar agaçlaryň çür başynda diýen ýaly ýaşaýar.
Taýajyk görnüşliniň uly göwrümi sebitiň çyg we salkyn howasy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Agyr beden mör-möjege şeýle şertlere uýgunlaşmaga kömek edip biler. Häzirlikçe mör-möjegiň diňe urkaçysy ýüze çykaryldy we indi alymlar erkegini hem tapmaga umyt bildirýär. Ýöne erkek mör-möjegiň ep-esli kiçi bolup, başga görnüşleriň wekillerine meňzeş bolup biljekdigi bu işi kynlaşdyrýar.

“Bu görnüşi aýratynlandyrmak ony gorap saklamak üçin hem örän möhümdir. Biz görnüşiň bardygyny we nirede duşýandygyny bilmesek, ony gorap bilmeris” – diýip, Kwinslend muzeýiniň hünärmeni Nikol Ganter belledi.


düýn 11:37
4.3k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.2k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.4k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......