007 agenti barada täze filmiň ssenarisini “Kesgir gaşlaryň” awtory ýazar

  • 02.08.2025 17:45
  • 2.1k+

Jeýms Bond baradaky indiki – hasap boýunça 26-njy filmiň ssenarisini “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynyň üstündäki işi bilen tanalýan britaniýaly ssenariçi Stiwen Naýt ýazar. Bu barada Variety neşiri habar berdi.

Taslamanyň režissýory Deni Wilnýow (“Dýuna”) bolar. 007 agentiniň keşbini kimiň ýerine ýetirjekdigi häzirlikçe belli däl. Mümkin bolan dalaşgärleriň arasynda Jeýkob Elordi, Tom Holland we Harris Dikinson agzaldy.
Filmiň önümçiligi bilen Amazon MGM Studios meşgullanar. Prodýuserler bolup Emi Paskal (“Möý adam”) we Dewid Heýman (“Garri Potter”) çykyş eder. Filmiň takyk çykjak senesi entek yglan edilmedi.
Stiwen Naýt “Gündogar wadalary” (Порок на экспорт) filminiň, “Mariýa” we “Spenser” biografik filmleriniň, şeýle-de “Tabu” serialynyň üstündäki işleri bilen hem bellidir. Şu ýyl Netflix-de Naýtyň ssenarisi boýunça “Kesgir gaşlaryň” doly metražly dowamynyň çykmagyna garaşylýar.


16.05.2026 19:49
3.6k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

15.05.2026 11:13
1.3k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....

13.05.2026 14:33
2.5k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......

06.05.2026 20:03
1.5k+

79-njy Kann kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

Kann kinofestiwaly 2026-njy ýyl üçin eminler düzümini yglan etdi. Eminler agzasynyň başlygy Pak Çhan Uk bilen bilelikde bu düzüme ýene sekiz adam girdi....