Bragi we OpenAI nauşnikler üçin ChatAI ses kömekçisini işe girizer

  • 01.08.2025 14:51
  • 1.2k+

Ozal akylly nauşnikleri öndüriji hökmünde belli bolan, häzir bolsa audiogajetler üçin platformalary işläp düzýän Bragi nemes kompaniýasy OpenAI bilen hyzmatdaşlyk barada yglan etdi.

Bilelikdäki taslama ChatAI adyny aldy – bu GPT 4.1 modeliniň esasynda işleýän we gönüden-göni nauşniklere birleşdirip boljak ses kömekçisidir. Ol düwmäni basmak ýa-da açar sözi arkaly işläp başlaýar we smartfon, ekran bolmazdan hakyky wagtda jogap berýär.
Ulgam eýýäm Bose ýaly brendler we Bragi platformasyny ulanýan beýleki öndürijiler bilen gabat gelýär. ChatAI-iň aýratynlygy diňe bir soraglara jogap bermek däl-de, eýsem kontekste düşünmekdir: programma ulanyjynyň sesini tanaýar, daş-töwerekdäki gürrüňleri filtrleýär. Ýüzlenme oturdylan model tarapyndan işlenýär, soňra OpenAI-e iberilýär, alnan jogap hem göni nauşnik arkaly ýaňlanýar.
Bragi ulanyjy maglumatlarynyň serwerde ýa-da programmada saklanman, doly näbelliligi we howpsuzlygy üpjün edýändigini belleýär.
Platforma bellik etmek, terjime, maglumat bermek ýaly adaty funksiýalary hödürleýär. Öndürijiler ChatAI-iň esasynda öz ses funksiýalaryny döredip biler. Mysal üçin, nauşnikler sesi ulanyjynyň ýöreýşine, stiline ýa-da şähdine görä awtomatik sazlap biler.
Bragi tarapyndan geçirilen pikir soraşma ulanyjylaryň 89%-iniň EA-ly nauşnikler üçin, takmynan, 25 dollar artyk tölemäge taýýardygyny görkezdi. Eger nauşnikler goşmaça intellektual mümkinçiliklere eýe bolsa, bu gurluşlaryň ortaça bahasyny 135-160 dollara çenli artdyryp biler.
ChatAI-iň ilkinji relizi tomsa meýilleşdirilýär, ýöne ses kömekçisini gurnamak barada gutarnykly çözgüdi her bir öndüriji aýratynlykda kabul edýär. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......