Disney “Haýwanlar şäheri 2” multfilminiň doly derejeli treýlerini çykardy

  • 02.08.2025 15:15
  • 4.9k+

Disney kompaniýasy “Haýwanlar şäheri 2” (Зверополис 2) multfilminiň giňeldilen treýlerini çykardy. Wideo CinemaCon 2025 sergisindäki tanyşdyrylyşdan soň hödürlendi.

Ilkinji tizer bilen studiýa ýazda paýlaşypdy.
Treýleriň üns merkezinde “haýwanlar terapiýasyndan” geçýän gahrymanlar Judi Hopps (Jennifer Gudwin ses berýär) we Nik Uaýld (Jeýson Beýtman) durýar.
Multfilmiň resmi sýužetine görä, detektiwler Hopps we Uaýld Haýwanlar şäherinde bu ýeri tersine çöwürýän bir süýrenijiniň nähili peýda bolandygyny derňeýär. Işiň üstüni açmak üçin olar şäheriň täze böleklerinde gizlin işlemeli bolýar we olaryň berkeýän hyzmatdaşlygy synaga sezewar bolýar.
“Haýwanlar şäheri 2-niň” premýerasy 26-njy noýabra meýilleşdirilýär. Analitikler onuň kassa ýygymynyň ýokary boljakdygyny çaklaýar.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....