Apple TV+ “Dynç” romantiki komediýasynyň esasynda mini-serial çykarar

  • 04.08.2025 16:22
  • 2.3k+

Apple TV+ “Dynç” (Отпуск по обмену / The Holiday) romantiki komediýasynyň äheňinde mini-serial çykarar diýip, Variety habar berýär.

Hakyky film ýaly, serial iki aýal – Roždestwo wagty öýlerini çalşyp, garaşylmadyk ýagdaýda öz söýgüsini tapýan britaniýaly we amerikaly aýal barada gürrüň berer.
Serialda ilkinji filmde bolmadyk täze gahrymanlar peýda bolar. Ssenariniň üstünde Krissi Daker we Rob Delani işleýär. Daker ýerine ýetiriji prodýuser hökmünde-de çykyş eder. Önümçilik bilen Left Bank Pictures kompaniýasy meşgullanar.
Häzirki wagtda baş keşpler üçin aktýorlar gözlenýär. Ilkinji filmiň režissýory Nensi Maýers taslama gatnaşmaýar.
“Dynç” filmi 2006-njy ýylda çykdy. Onda baş keşpleri Keýt Uinslet, Kemeron Dias, Jud Lou we Jek Blek ýerine ýetirdi. Uinslet londonly žurnalist Aýrisi, Dias bolsa Los-Anjelesdäki kompaniýanyň eýesi Amandany oýnady.
Film prokatda dünýä boýunça 205 mln dollardan gowrak ýygnap, üstünlikli boldy. 2024-nji ýylda Jud Lou filmiň dowamynyň bolup biljekdigine yşarat etdi. 


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......