Blue Origin kriptomilliarder Jastin Sany suborbital uçuşa iberdi

  • 05.08.2025 21:50
  • 3.9k+

Blue Origin kompaniýasy 3-nji awgustda NS-34 missiýasynyň çäklerinde suborbital uçuşy üstünlikli amala aşyrdy. New Shepard raketasynda uçuşa kriptomilliarder Jastin San we ýene bäş gatnaşyjy iberildi. Uçuş günbatar Tehasdaky kosmodromdan boldy.

Bu New Shepard enjamynyň 34-nji uçuşydyr.
Tron blokçeýn-platformasynyň 34 ýaşly esaslandyryjysy Jastin San 2021-nji ýylyň iýunynda New Shepard-yň ilkinji adamly uçuşyna 28 mln dollara petek satyn aldy. Ýöne ol meýilnamalaryň ters gelendigi sebäpli 2021-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky taryhy uçuşa gatnaşyp bilmedi. Şol wagt uçuşa Jeff Bezos, onuň dogany Mark, awiasiýa pioneri Uolli Fank we niderlandly talyp Oliwer Daemen iberildi.
NS-34 missiýasynyň bortunda San bilen bilelikde amerikaly maýadar Arwinder (Arwi) Singh Bahal, türk telekeçisi we fotosuratçysy Gökhan Erdem, puertorikoly žurnalist we meteorolog Deborra Martorel, Nepalda çagalar öýüni dolandyryjy angliýaly Laýonel Pitçford we amerikaly telekeçi Jeýms (JeýDi) Rassel bardy. Rasselden başga ähli gatnaşyjylar üçin bu ilkinji kosmos uçuşy boldy.

“Biziň üçin şu günki uçuşymyzda birnäçe ýurduň wekilini görmek mertebe. Kosmosdan näzik planetamyzyň görnüşi ony görýän hemmäni birleşdirýär we meniň üçin astronawtlarymyzyň bu tejribäni Ýeriň bähbidine ulanmagy hemişe gyzykly” – diýip, Blue Origin-den New Shepard-yň uly wise-prezidenti Fil Joýs missiýa teswir berdi.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......