Jon Krasinski “Ümsüm ýer-3” filmini düşürer. Ol 2027-nji ýylda çykar

  • 03.08.2025 16:57
  • 2.5k+

“Ümsüm ýer” (Тихое место) filminiň üçünji bölümi 2027-nji ýylyň 9-njy iýulynda prokata çykar. Filmiň režissýory we ssenariniň awtory Jon Krasinski bolar diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Filmiň önümçiligi bilen Paramount studiýasy meşgullanar. Aktýorlar düzümi barada maglumat entek ýok.
Franşiza 2018-nji ýylda çykyp başlady. Ilkinji film we onuň 2020-nji ýylda çykan dowamy Krasinski tarapyndan düşürildi. Iki filmde-de baş keşbi Emili Blant ýerine ýetirdi.
Üçünji bölümi çykarmak meýilnamalary barada 2022-nji ýylda yglan edildi, şol wagt premýera 2025-nji ýyla meýilleşdirilipdi. Ýöne munuň deregine studiýa “Birinji gün” ady bilen prikwel düşürmek kararyna geldi. Ol 2024-nji ýylyň iň üstünlikli filmleriniň biri boldy.
Täze bölümde wakanyň üns merkezinde ýene-de Ebbott maşgalasynyň bolmagyna garaşylýar. Prodýuser Bred Fuller “Ümsüm ýer-3” filminiň üstünde Krasinski häzirki taslamasyny tamamlan badyna işlenip başlanjakdygyny aýtdy.


şu gün 09:56
1.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......