Maýkl Jeksonyň ak joraby auksionda 6200 ýewro satyldy

  • 04.08.2025 18:08
  • 10k+

Maýkl Jeksonyň 1997-nji ýylyň 27-nji iýunynda Nissada geçen konsertinde geýen kristally ak joraby 6200 ýewro satyldy. Bu barada BFMTV  teleýaýlymy habar berdi.

Lot Maison Ivoire Nîmes auksion öýüniň Nimde geçiren auksionynda goýuldy. Başlangyç bahasy 2500 ýewro boldy. Şeýle-de bolsa, 21-nji iýulda geçirilen öňki söwdalaşyklarda joraba alyjy tapylmady.

"Biziň adaty auditoriýamyz pop aýdym-saz bilen bagly ýadygärlik zatlar bilen gyzyklanmaýar" – diýip, auksion öýüniň wekili Oliwýe Wergn düşündirdi. Şeýle-de bolsa, soň satyn almaga gyzyklanma bildiren birnäçe kollektor tapyldy, bu bolsa söwdalaşyklaryň gaýtadan geçirilmegine sebäp boldy.

Jorap “Şarl Ermann” stadionynda işlän sahna tehniginde saklanyp galypdyr. Ol ony konsertden soň enjamlary söküp ýörkä, suratkeşiň grim otagynyň golaýyndan tapypdyr we sahnanyň aňyrsyna geçelge rugsatnamasy bilen birlikde ýadygärlik hökmünde saklapdyr. Bu şüweleň Maýkl Jeksonyň HIStory World Tour gastrol  turuna girýän eken.
Jeksonyň sahna geýiminiň bu elementi aýratyn gymmatly hasaplandy, sebäbi aýdymçy Billi Jean we Beat It aýdymlaryna goşup “Aý ýöreýşini” ýerine ýetirende, ol mese-mälim görünýärdi.
Geçen ýyl Pariždäki auksionda Maýkl Jeksonyň 1983-nji ýylda ilkinji gezek “Aý ýöreýşini” ýerine ýetirende geýen şlýapasy hem satyldy. Şonda lot 77 müň ýewrodan gowrak bahadan satyldy.


düýn 07:47
1.3k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......