3k+

NASA 7 kompaniýa bilen Ýerden daşardaky ýaşaýşy gözlemek üçin teleskop gurmakçy bolýar

NASA 7 sany kompaniýa bilen ekzoplanetalardan ýaşaýyş alamatlaryny gözlemäge niýetlenen Habitable Worlds Observatory (HWO) kosmos teleskopy üçin tehnologiýalary işläp düzmek maksatly şertnama baglaşdy. Obserwatoriýa ýüzlerçe we müňlerçe ýagtylyk ýylyndan uzaklykdaky, ýyldyzlaryň töwereginde aýlanýan we  planetalaryň atmosferasyndan geçýän ýagtylygy seljerer...

3.4k+

Aşgabatda meşhur ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert bolar

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde dünýä belli ýapon animeleriniň sazlaryndan ybarat konsert geçiriler. «Simfoniýa Anime» atly bu sazly agşam 1-nji fewralda Mukamlar köşgünde bolar...

5.2k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

16k+

TM CELL we Türkmentelekom hemişe onlaýn bolmagyňyz üçin internete elýeterliligi giňeldýär

Türkmenistanda dünýä meýillerine eýerilip, hünärmenlere we adaty ulanyjylara aragatnaşyk üçin çykdajylaryny netijeli dolandyrmaga hem-de hemişe onlaýn bolmaga mümkinçilik berýän çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Ykjamlygy halaýan ulanyjylar üçin «TM CELL» («Altyn Asyr» ÝGPJ) milli operatory internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär...

4.3k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

8.7k+

Iki asyrdan soň türkmen nusgawy şahyry Seýdiniň täze goşgulary tapyldy

2025-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününe 250 ýyl doldy. Ýakynda, tutuş döredijiligi watançylyk ideýasyna ýugrulan serkerde şahyryň täze goşgulary ýüze çykaryldy. Bu barada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewa  «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär...

13k+

Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär...

11k+

YouTube blogeri Coca-Cola-nyň «gizlin formulasyny» açyklady

Bloger we ylmy düşündiriji Zak Armstrong Coca-Cola içgisini mümkin boldugyndan takyk gaýtalap bilendigini aýtdy. Ol tejribäni jikme-jik görkezýän wideony özüniň LabCoatz YouTube kanalynda ýerleşdirdi.   Bir hepdeden az wagtyň içinde wideo 5,3 mln tomaşa we 21 müňden gowrak teswir ýygnady...

1.9k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy

Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär...

4.7k+

"God of War" oýnunyň filminde baş keşbi janlandyrjak aktýor belli boldy

«God of War» («Бог войны») wideo oýnuny ekranlaşdyrýan Amazon onuň serial görnüşinde spartanly uruş hudaýy Kratosyň keşbini Raýan Herstiň janlandyrjakdygyny yglan etdi. Täze taslama Wankuwerde deslapky önümçilik tapgyrynda we häzirki wagtda onuň kastingleri dowam edýär...

4.9k+

Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar...

2.6k+

Täze çykarylýan "Mumiýa" filmi Finçeriň trillerlerini ýatladar: ilkinji tizer ýaýrady

"Blumhouse" we "Warner Bros." kompaniýalary "Mumiýa" filminiň ilkinji tizerini köpçülige hödürlediler. Taslamanyň režissýory Li Kronin ("Eýmenç ölüleriň gozgalaňy" filmi bilen tanalýan) täze eseri "Poltergeýst" ruhundaky gorkuly film (horror) bilen Dewid Finçeriň stilindäki garaňky detektiwiň gibridi hökmünde häsiýetlendirýär...

1.1k+

LEGO "Pokemonlar" älemine esaslanýan toplumlary çykarar

LEGO we Pokémon Company meşhur “Pokemonlar” (Pokémon) franşizasynyň esasynda döredilen ilkinji konstruktorlar toplumyny yglan etdiler. Täze kolleksiýa seriýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çykarylýar. Satuwlara 27-nji fewralda başlanar...

3.5k+

«Altyn malina-2026» anti-baýragy üçin dalaşgärler yglan edildi

Kinoda iň ýaramaz işler üçin berilýän «Altyn malina» anti-baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. 2025-nji ýylda bu baýragyň eýeleri martda, adatça bolşy ýaly, «Oskardan» bir gün öň yglan ediler diýip, World of Reel portaly belleýär...

2.6k+

Britaniýaly Kallum Týorner 007 agentiniň keşbi üçin esasy dalaşgär boldy

Britaniýaly aktýor Kallum Týorner 007 agenti Jeýms Bonduň keşbi üçin franşizanyň täze filminde esasy dalaşgär boldy. Daily Mail-iň maglumatlaryna görä, hut ol Deniel Kreýgiň ornuny çalşar. Çeşmeler 34 ýaşly aktýoryň töweregindäkileriň eýýäm onuň tassyklanyp bilmegini ara alyp maslahatlaşýandygyny ýazýar...

4.3k+

BTS dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahatyna ugraýar

BTS keý-pop topary dörtýyllyk arakesmeden soň konsert syýahaty barada yglan etdi. Ol aprelde Günorta Koreýanyň Koýan şäherinden başlap, 2027-nji ýylyň martyna çenli dowam eder. Bu barada Associated Press habar berýär...

5.1k+

Izmirde "Süleýmanyň düwni" bilen bezelen gadymy mozaikaly zal tapyldy

Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir...