Miu Miu deri önümlerini emeli ýol bilen köneltmek usulyny hödürledi

  • 14.01.2026 17:32
  • 5.2k+

Miu Miu deri önümini emeli usulda köneltmek usulyna bagyşlanan «Könäni döretmek» («Making of Old») taslamasyny işe girizdi. Kampaniýanyň çäginde brend täze önümleriň nähili gadymy görnüşe eýe bolýandygyny jikme-jik görkezýär.

Usul ýokary hilli derini saýlamakdan we onuň aýratynlyklaryny öwrenmekden başlanýar. Senetkärler çig maly ýekän-ýekän el bilen işläp çykýarlar. Olar ilki deriniň ýüzüni owkalaýarlar, soňra bolsa ony ýuwýarlar we könelen görnüşi döretmek üçin çotgalary ulanýarlar. Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bu iş wagt we eserdeňlik talap edýär.
Bu usul brendiň dürli önümlerini, şol sanda aýakgaplary, Arcadie, Pocket we Wanderer nusgaly torbalaryny, şeýle hem kurtkalary, bomberleri we kelte şortlary döretmekde ulanylýar. Bularyň islendigini döretmek işinde-de şol bir çemeleşme – senetçilik endikleri we Miu Miu-nyň öz oýlap tapan usullary ulanylýar.
«Könäni döretmek» («Making of Old») taslamasy brendiň gadymy estetikany nazarda tutup,  iň ownujak zatlara hem üns bermek arkaly berk we ýokary hilli önümleri öndürmek pelsepesine eýerýändigini görkezýär.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......